Ï «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 7460

I. 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 3, 33-nji madda; 2023 ý., № 2, 37-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1) 1-nji maddada:

8-nji bendi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

9-njy bentde «Aziýa oýunlary,» diýen sözlerden soň «Aziýa Para oýunlary,» diýen sözleri goşmaly;

2) 7-nji maddanyň birinji böleginde:

1-nji bentde «Aziýa oýunlaryna» diýen sözlerden soň «, Aziýa Para oýunlaryna» diýen sözleri goşmaly;

7-nji bentde «önümleriniň» diýen sözden soň «hem-de bedenterbiýe we sport bilen bagly hyzmatlaryň» diýen sözleri goşmaly;

3) 10-njy maddanyň 5-nji bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

4) 11-nji maddada:

24-nji bendi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

47-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«471) Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak babatdaky kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport bilen bagly hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak işini amala aşyrýar;»;

5) 57-nji we 58-nji maddalary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

6) 64-nji maddanyň dördünji böleginde «Aziýa oýunlarynyň,» diýen sözlerden soň «Aziýa Para oýunlarynyň,» diýen sözleri goşmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 13-nji iýuly.