Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 11021

I. 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 30-njy madda; 2017 ý., № 2, 80-nji madda; 2019 ý., №1, 14-nji madda; 2023 ý., № 4, 92-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 5-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Tohumçylyk babatda döwlet düzgünleşdirişi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, tohumçylyk babatda ygtyýarly döwlet edaralary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezi (mundan beýläk — Merkez), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralaryna şular degişlidir:

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi (mundan beýläk — oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy);

şeýle hem tohumçylyk bilen baglanyşykly meselelerde:

daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy;

saglygy goraýyş we derman senagaty babatdaky ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy.»;

2) 6-njy maddanyň 2-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«2) tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň işlerini utgaşdyrmak;»;

3) 7-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň tohumçylyk babatdaky ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) ösümlikleriň tohumçylygy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrmak;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ösümlikleriň tohumçylygy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklamak;

3) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, Türkmenistanda oba hojalyk ekinleriniň naýbaşy, saýlantgy we ýokary arkaly tohumlaryny öndürmäge ýöriteleşdirilen saýlantgy tohumçylyk hojalyklarynyň sanawyny tassyklamak;

4) oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak;

5) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy babatda öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözmek.

2. Şu Kanunyň 5-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen daşky gurşawy goramak babatdaky ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy we saglygy goraýyş we derman senagaty babatdaky ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tohumçylyk babatdaky işi şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrýarlar.»;

4) 7-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«71-nji madda. Merkeziň ygtyýarlyklary

Merkeziň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy babatda ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) tohumçylyk babatda işleriň ähli görnüşleriniň alnyp barlyşyna gözegçiligi amala aşyrmak;

2) tohumlaryň we oturdylýan ekinleriň hili babatda döwlet standartlarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny amala aşyrmak;

3) tohumlyk we oturdylýan ekinleriň ekiş we sort baha berlişini kesgitlemek boýunça kadalaşdyryjy resminamalary işläp taýýarlamak;

4) eksport we import edilýän tohumlaryň we oturdylýan ekinleriň döwlet standartlaryna we halkara kadalara laýyk gelşine gözegçiligi amala aşyrmak hem-de laýyklyk sertifikatyny bermek;

5) ösümlikleriň sortlary ösdürilende, öndürilende, saklanylanda, ýerlenilende we ulanylanda tohumlyk we oturdylýan ekinleriň hökmany barlag düzgünleriniň we kadalarynyň usullaryny işläp taýýarlamaga hem-de olaryň Türkmenistanyň çäginde ulanylmagyny üpjün etmäge gatnaşmak;

6) tohumçylyk babatda ylmy barlaglaryň esasy ugurlarynyň kesgitlenilmegine gatnaşmak;

7) şu Kanuna we tohumçylyk babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.»;

5) 8-nji maddanyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň tohumçylyk babatda ygtyýarlyklary»;

6) 9-njy maddada:

birinji tesimde «döwlet edaralary» diýen sözlerden soň «we Merkez» diýen sözleri goşmaly;

ikinji tesimde «Türkmenistanyň standartizasiýa hakyndaky» diýen sözleri «standartlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 10-njy maddada «güwälendirilmegi», «güwälendirmäge» we «oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň tohumlyk we oturdylan ekinleriň hiline gözegçiligi amala aşyrýan tohumçylyk boýunça gullugy» diýen sözleri degişlilikde «sertifikatlaşdyrylmagy», «sertifikatlaşdyrylmaga» we «tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralary we Merkez» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 13-nji maddada:

birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«Tohummaýa we naýbaşy tohumlary üznüksiz öndürmek we gorap saklamak maksady bilen nesil ösümliklerini yzygiderli seçmek, ýekebara we maşgala ýygymlaryna baha bermek ýoly bilen ylmy edaralar, ýokary okuw mekdepleriniň okuw-tejribe hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri we sortlaryň awtorlary tarapyndan öndürilýär.»;

birinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Ýöriteleşdirilen saýlantgy tohumçylyk hojalyklarynda sortlaryň awtorlarynyň ýa-da sortuň originatorynyň gözegçiliginde tohummaýa we naýbaşy tohumlary öndürilip bilner.»;

9) 18-nji maddada:

ikinji bölegiň birinji tesiminde «tohumçylykda döwlet dolandyryş guramalarynyň» diýen sözleri «tohumçylyk babatda ygtyýarly döwlet edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölekde «oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň tohumçylyk we oturdylan materiallarynyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan tohumçylyk baradaky gullugy» diýen sözleri «tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralary we Merkez» diýen sözlere çalşyrmaly;

10) 19-njy maddada:

ikinji we üçünji böleklerde «oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň tohumlyk we oturdylan materiallarynyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan tohumçylyk baradaky gullugy» diýen sözleri «tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralary we Merkez» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Tohumlaryň ekiş hilini kesgitlemek tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň we Merkeziň degişli barlaghanalarynda tohumlar tapgyryndan saýlanyp alnan nusgalygyň derňewi arkaly geçirilýär.»;

11) 20-nji maddada:

birinji bölegiň 3-nji bendinde «güwänamasy» diýen sözi «sertifikaty» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji bölekde:

2-nji bentde «güwänamasy» diýen sözi «sertifikaty» diýen söze çalşyrmaly;

4-nji bentde «getirmäge» diýen sözden soň «degişli» diýen sözi goşmaly;

üçünji bölekde «degişlilikdäki» diýen sözden soň «tohumçylyk babatdaky» diýen sözleri goşmaly;

dördünji bölekde «oba hojalygyny dolandyryş ygtyýarly döwlet edarasynyň tohumlyk we oturdylan materiallarynyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan tohumçylyk baradaky gullugy» diýen sözleri «tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralary we Merkez» diýen sözlere çalşyrmaly;

12) 22-nji maddanyň ikinji we üçünji tesimlerini şu görnüşde beýan etmeli:

«Merkeziň ýolbaşçysy bolup durýan Türkmenistanyň tohumçylyk gözegçiligi baradaky baş döwlet gözegçisi;

Merkeziň welaýat (etrap) bölüminiň ýolbaşçysy bolup durýan welaýatlaryň (etraplaryň) tohumçylyk gözegçiligi baradaky döwlet gözegçileri;»;

13) 23-nji maddanyň soňky tesiminde «standartizasiýa» diýen sözi «standartlaşdyrmak» diýen söze çalşyrmaly;

14) VIII babyň we 24-nji maddanyň atlarynda «edaralarynyň» diýen sözden soň «we Merkeziň» diýen sözleri goşmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 13-nji iýuly.