Ï Beýik özgertmeleriň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik özgertmeleriň ýoly bilen

view-icon 3369

Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň baş maksadydyr. Giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkara abraýyny pugtalandyrmak bu syýasatyň esasy ugurlarydyr.

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýarlamak, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylardyr hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şol gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Wekiliýetiň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.

Bu ýerde milli türgenlerimiziň halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Häzirki döwürde milli sportumyz batly depginde ösüp, hil taýdan täze derejelere çykdy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan sport ýurdy, sebit we halkara derejeli iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty höweslendirmek, hemmetaraplaýyn goldamak, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, türgenler, olaryň tälimçileri, beýleki degişli hünärmenler üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy, ýurtlardyr halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly ynsanperwer ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar.

23-nji iýulda milli ýygyndy toparymyzyň agzalary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Fransiýanyň paýtagty Pariže ugradylar.

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz ilçini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Özbegistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň strategik, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz oňa iki ýurduň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň açyklyk, ynanyşmak, özara düşünişmek häsiýeti bilen tapawutlanýandygy nygtaldy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ählumumy abadançylygyň hatyrasyna özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Geçen hepdäniň wakalaryna syn bermek bilen, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sanynyň çapdan çykandygyny bellemek gerek. Türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilýän neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň halkyna iberen Gutlagy bilen açylýar. Okyjylaryň dykgatyna “Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk”, “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri”, “Magtymguly Pyragynyň döwletlilik baradaky garaýyşlary”, “Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi”, “Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlygy çygryndaky kanunçylygyň ösüşi”, “Türkmenistanda eýeçilik hakynda kanunçylygyň kämilleşdirilişi”, “Döwlet gullugyny guramak çygryndaky tejribeler” atly makalalar hödürlenilýär. Neşir “Senenama” bölümi bilen tamamlanýar. Onda okyjylaryň dykgatyna paýtagtymyzda halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklara, mejlislere, okuw maslahatlaryna we beýleki çärelere berlen syn hödürlenilýär.

26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, şol sanda onuň geçiriljek senesini bellemek, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak, gün tertibini we deslapky maksatnamasyny, degişli resminamalary taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek bilen baglanyşykly meseleler barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisini Aşgabat şäherinde şu ýylyň 17-18-nji oktýabrynda geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz teklibi makullap, paýtagtymyzda bu halkara çäräni ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Mejlisde “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly meselä garaldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegi, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş nokatlaryny, pagta hasylyny daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegiň, ýokary hilli bugdaý tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek, düýpli abatlaýyş işleriniň bahalaryny döwrüň talabyna laýyklykda işläp düzmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi, zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ýurdumyzyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Günorta Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Pakistan Yslam Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen gatnaşyklar däp bolan dostlukly häsiýete eýedir.

Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy. Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi.

Saparyň dowamynda daşary işler ministrleriniň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Pakistan halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, öňe sürülýän başlangyçlarydyr teklipleri özara goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada öňe süren başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmek bilen bagly mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça bilelikde iş alyp barmak hakynda ylalaşyldy.

Ýurdumyzyň wekiliýeti birnäçe kompaniýalaryň, şol sanda “National Logistics Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Kompaniýanyň Hytaý — Pakistan — Owganystan — Türkmenistan, soňra Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlaryna awtomobil ýük daşamalary boýunça türkmen tarapy bilen bilelikde iş alyp barmaga taýýardygy beýan edildi. Şeýle-de energetika ulgamynda, hususan-da, gaz pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi. Ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi ýurtlarymyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz 30-njy iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin wise-premýer, daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredowy Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge uly üns berilýändigini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtap, ýurdumyzda serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak baradaky teklibi makullady.

27-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda toparyň şu ýylyň alty aýynda alyp baran işleri barada hasabat berildi, “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Amul galasyny we Akjagalany gorap saklamak, öwrenmek, rejelemek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda şäheriň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, dürli maksatly binalaryň we desgalaryň häzirki zaman tehnologiýalary, döwrebap tejribäni ulanmak arkaly ýokary hil derejesinde gurulmagy, ekologik kadalaryň, uzak möhletleýinlik hem-de estetik keşbiniň berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ileri tutulýan wezipeleri hökmünde kesgitlenen ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň hatyrasyna strategik hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeler aýdyň beýanyny tapdy.