Ï Türkmen talyp lukmanlary Astrahanda tejribe geçdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyp lukmanlary Astrahanda tejribe geçdiler

view-icon 2424
Türkmen talyp lukmanlary Astrahanda tejribe geçdiler

Geçen aýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary Astrahan Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki edaralarynda umumy lukmançylyk boýunça iki hepdelik önümçilik tejribeligini geçdiler.

Talyplaryň önümçilik tejribeligi Astrahan Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda lukmançylyk ylmy we bilimi ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy.

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Oftalmologiýa merkezine we ýürek-gan-damar hirurgiýasy federal merkezine baryp gördüler, şeýle hem «Mediko-sanitarnaýa çast» diýen hususy saglygy goraýyş edarasynda bejeriş, kardiologiýa, lukmançylyk taýdan täzeden dikeldiş bölümleriniň işleri bilen tanyşdylar.

Tomusky önümçilik tejribeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň talyplary üçin dürli tanyşdyryş, öwrediş çäreleri geçirilip, bu köp babatda nazary bilimleriň berkidilmegine, özbaşdak işlemegiň amaly tejribesini we başarnyklaryny ele almaga, geljekki lukmanlaryň hünärleriniň ösmegine we giňemegine ýardam etdi.

Baý bilim maksatnamasyndan başga-da, Astrahanyň myhmanlary üçin medeni çäreleri guralyp, giň gerimli gezelençleri, şäher hem-de welaýat bilen tanyşlygy özünde jemledi.

Şäheriň iň uly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Astrahan DLU-nyň Astrahan oblastynda, Günorta federal okrugynyň we Hazarýaka sebitiniň respublikalarynda üznüksiz lukmançylyk we dermançylyk bilimi ulgamynda ýokary bilimiň öňdebaryjysy bolup durýandygyny bellemek gerek. Uniwersitet innowasion bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nusgawy bilimiň utgaşdyrylmagyny peýdalanyp, saglygy goraýyş ulgamynda işgärleri hünär taýdan taýýarlamagyň hem-de gaýtadan taýýarlamagyň ähli görnüşlerini amala aşyrýar, ýokary hünär derejeli ylmy-terbiýeçilik işgärleriniň taýýarlanylmagyny alyp barýar. Astrahan DLU-da Türkmenistanyň talyplary dürli hünärler hem-de taýýarlygyň dürli ugurlary boýunça üstünlikli okaýarlar.

Türkmen we rus uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama laýyklykda, lukmançylyk ylmy we bilimi ulgamynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdepler akademiki alyş-çalyşy amala aşyrýarlar, ylmy-amaly maslahatlary, ylmy barlaglary, lukmançylyk olimpiadalaryny hem-de beýleki çäreleri geçirýärler.

Ýokary okuw mekdeplerinde hünär derejeli lukman işgärleriň, ýokary hünär derejeli işgärleriň täze nesliniň, öz hünärine höwesjeňleriň taýýarlanylmagyna, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ulanmaga, giňden pikirlenmäge we öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyply başarjaň, zehinli, işjeň ýaşlaryň terbiýelenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Geljekki hünärmen lukmanlary toplumlaýyn häsiýetde taýýarlamak üçin amaly okuwlar arkaly nazary bilimleri berkitmäge hem-de ösdürmäge, hünär boýunça üznüksiz okatmaga, ýurduň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmäge aýratyn üns berilýär.

Şu maksat bilen talyplar üçin tomus döwründe önümçilik tejribeligi, şeýle hem yzygiderli hünär ýokarlandyryş çäreleri, hünär ugurly hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriň binýadynda ykjam okuwlar guralýar. Şeýle çäreler talyplaryň hünär başarnyklaryny we ukyplaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär, olaryň öz ýokary okuw mekdeplerinde alan tejribelerini we bilimlerini baýlaşdyrýar.