Daşoguz welaýatynda umumy bilim berýän orta mekdepleriň täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri depginli alnyp barylýar. Mekdep binalarynda bejeriş-abatlaýyş işleri tamamlanyp barýar, okuw otaglary görkezme esbaplarydyr usuly gollanmalar bilen üpjün edilýär, bilim beriş işiniň netijeli bolmagy üçin başga çäreler-de görülýär.
Okuw mekdepleriň maddy-tehniki esasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şol sanda bilim edaralarynyň häzirki zaman kompýuter tehnikasy bilen enjamlaşdyrylyşyna, mugallymlar we okuw kitaplary bilen doly üpjün edilmegine, ýangyn howpsuzlygy meselelerine, bilim beriş işini ýokary derejede amala aşyrmak üçin degişli ýagdaýy döretmäge köp üns berilýär. welaýatda umumy bilim berýän orta mekdepleriň giň ulgamy bar.
Bu ýerde umumy bilim berýän mekdepleriň 530-sy üstünlikli iş alyp barýar, olaryň arasynda ýatymlaýyn mekdepler-de bar. Olaryň aglaba bölegini soňky ýyllarda gurlan döwrebap täze okuw mekdepleri düzýär. Ine, şu ýyl hem Daşoguz şäherinde 600 orunlyk bir mekdep okuwçylara gapylaryny giňden açmaga taýýarlyk görýär. Mekdepleriň tehniki taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy netijesinde, olaryň bilim beriş işine bu gün sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Okuwçylaryň akyl-bilim taýdan ösüşi bilen bir hatarda fiziki ösüşine-de köp üns berilýär. Munuň üçin umumy bilim berýän okuw mekdeplerinde beden terbiýe we sportuň dürli görnüşi bilen işjeň meşgullanmaga mümkinçilik berýän sport zallary bar.