Ï Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleri dalaşgärlerden resminamalary kabul edýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleri dalaşgärlerden resminamalary kabul edýärler

view-icon 4466
Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleri dalaşgärlerden resminamalary kabul edýärler

Ýurdumyzda dowam edýän 2024-2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul ediş möwsüminiň çäginde Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleri resminamalary kabul edýärler.

Okuwa girmek isleýän ýaşlaryň öňünde tutuş ýurdumyz boýunça köpsanly okuw mekdepleriniň gapylary açykdyr, olarda taýýarlyk ugurlar we hünärler boýunça saýlap alara zat kän. Orta hünär mekdepleri ykdysadyýet we maliýe, bank işleri, söwda, uçarçylyk, nebit-gaz senagaty, oba hojalygy, syýahatçylyk we myhmanhana işi, neşirýat we poligrafiýa, gurluşyk, demir ýol, deňiz, derýa ulagy, energetika we başga-da köp ugurlar boýunça hünärmen taýýarlaýarlar.

Paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda 45 sany orta hünär okuw mekdebi işlemek bilen, dürli ugurlar boýunça hünärmen taýýarlaýar. Häzir olaryň 26-synda resminama kabul edilýär. Ol 19-njy awgusta çenli dowam eder.

Bu hünär okuw mekdepleriniň arasynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» ­agent­li­gi­niň­­ Ho­wa ulag­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­ni taý­ýar­la­ýan­­ mekdebi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi we başgalar bar.

Ýurdumyzyň okuwa girmäge höwesli ýaşlarynyň ygtyýarynda resminamalary jemlemek we kabul ediş toparyna tabşyrmak hem giriş synaglaryna taýýarlanmak üçin, az wagt, has takygy, 10 gün galdy. Giriş synaglary 22-nji awgustda başlanyp, okuw mekdepleriniň özünde geçiriler.

Okuw mekdepleriniň doly sanawynyň we okuwa kabul ediş maksatnamasynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda ýurdumyzyň merkezi metbugat sahypalarynda, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministrliginiň saýtynda çap bolandygyny ýatladýarys.

Dalaşgärler üçin çeşmelerde okuw mekdepleri tarapyndan hödürlenýän hünärler, ugurlar, okuwa girmek üçin zerur resminamalar, olary tabşyrmaly ýerler we möhletler barada zerur bolan ähli maglumatyň, şeýle hem giriş synaglarynyň geçjek seneleri, okuw jaýlarynyň salgylarynyň we telefon belgileriniň jikme-jik berlendigini ýatladýarys.