Gadymy Änew şäheriniň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler meýilnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Änew medeniýetiniň sungatdaky keşbi» mowzugynda «Tegelek stol» geçirildi.
Çärä gatnaşan muzeý işgärleri Änewiň, arheologlaryň kesgitleýşi boýunça, eneolit eýýamyndan başlanýan köp asyrlyk taryhy barada gürrüň berdiler. Bu irki ekerançylyk medeniýetiniň iň gadymy merkezlerinden biridir. Onuň ylmy derňewleri Türkmenistanyň taryhynyň «Änew medeniýeti» diýlip atlandyrylýan ägirt uly gatlagy barada täsin maglumatlar berdi.
Çykyş edenler Änewiň bahasyna ýetip bolmajak mirasynyň – XV asyryň ortalarynda gurlan Seýitjemaleddin metjidiniň, Änew sebitindäki gadymy oturymly ýerleriň we arheologik gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan köp sanly tapyndylaryň medeni hem taryhy ähmiýetini nygtadylar. Bu tapyndylar Änew şäheriniň «Ak bugdaý» milli muzeýinde saklanýar. Söhbetdeşligiň esasy mowzugy Änew medeniýetiniň sungatyň dürli görnüşlerinde beýan edilişi barada boldy.
Duşuşykda türk halklarynyň baý medeni mirasyny dünýä tanatmagyň we häzirki zaman döredijilik mümkinçiliklerini açmagyň TÜRKSOÝ-nyň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» taslamasynyň wezipesidigi bellendi. Döredijilik çeşmeleriniň jemlenmegi esasynda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherlerinde türki döwletleriniň tapawutly medeniýetleriniň arasyndaky taryhy baglanyşyklara we gatnaşyklara esaslanýan birnäçe ynsanperwer çäreler geçirilýär.