Ï Türkmenistanda «ThinkSmart» atly täze okuw merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «ThinkSmart» atly täze okuw merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär

view-icon 4901
Türkmenistanda «ThinkSmart» atly täze okuw merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär

Aşgabatda açylan «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň iň gowy bilim merkezleri görkezilýär.

Goşmaça bilime bolan islegiň artmagy bilen, Türkmenistandaky häzirki zaman bilim merkezleri sungatdyr aýdym-sazdan başlap, sport we ylym ýaly köp sanly maksatnamany hödürleýärler.

Öz gezeginde, «Netijeli binýat» hususy kärhanasy Türkmenistanda Kanadanyň bilim maksatnamasynyň okadyş usulyýetine esaslanan bilim merkezini açmagy meýilleşdirýär.

– Biziň hödürleýän okuwymyz, ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýesi Jeýms Hekmanyň ýörelgesine esaslanýar – diýip, «Netijeli binýat» kärhanasynyň wekili Parahat Atdakow aýdýar. – Çagalaryň bilimine irki, esasanam, 3 we ondan uly ýaşyndaka edilen maýa goýumlary iň köp netije berýär. Kanadanyň «ThinkSmart» merkeziniň maksatnamalary çagalaryň maksatnama ýazma, robot gurluşy, matematika we beýleki dersler boýunça başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Oýun görnüşinde guralan ähli sapaklar iňlis dilinde geçiriler. Ýörite dil gurşawy çagalara daşary ýurt dilini has netijeli öwrenmäge mümkinçilik berer, gulak maşklary bolsa daşary ýurt diline diňläp düşünmek endikleriniň ösmegine goşant goşar.

«ThinkSmart» goşmaça bilim merkezinde okamak çagalara geljekde hünär kesgitlemekde we daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge taýýarlyga ep-esli kömek edip biler. Okuwy doly tamamlan okuwçylara Türkmenistanyň we Kanadanyň şahadatnamalary gowşurylar.

Gürrüňi edilýän Merkez ýaňy bir açylmaga taýynlyk görýän hem bolsa, «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» sergisine gelýän kiçijek myhmanlar «Netijeli binýat» kärhanasynyň hödürleýän gyzykly okuw oýunlaryny oýnamaga synanyşyp bilerler.

Bilim berýän oýunlar ownuk motorika ukyplary, ykdysady, algoritmik, döredijilik, logiki, sanly, giňişlik we strategik pikirlenişi ösdürmäge gönükdirilendir.