Ï Mugallymlar okatmagyň innowasion usullaryny durmuşa geçirmekde gazanan tejribelerini paýlaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mugallymlar okatmagyň innowasion usullaryny durmuşa geçirmekde gazanan tejribelerini paýlaşýarlar

view-icon 3747
Mugallymlar okatmagyň innowasion usullaryny durmuşa geçirmekde gazanan tejribelerini paýlaşýarlar

Däp bolup gelýän awgust usuly-amaly okuwlarda we maslahatlarynda mugallymlar geçen okuw ýylynyň netijeleri we ýetip gelýän 2024-2025-nji okuw ýylynyň esasy wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylýar, okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmakda öňdebaryjy tejribelerini paýlaşýarlar.

Şeýle maslahatlaryň biri-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 3-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzyň ösüşiniň esasy hökmünde bilimiň baş ornuny bellediler, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikleri we öňde boljak meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanda ýaş nesliň sanly döwrüň talaplaryna we milli ykdysadyýetiň zerurlyklaryna laýyk gelýän häzirki zaman bilimi almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Her ýyl bilim pudagynyň maddy we tehniki binýady berkidilýär, iň gowy dünýä tejribesi öwrenilýär we durmuşa geçirilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylmy merkezleri bilen gatnaşyklar ösdürilýär. Bilim pudagynyň hünärmenleriniň wezipeleri diňe bir häzirki zaman bilimlerini öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, giň dünýägaraýyşly we bilimlere belet zähmetsöýer, watançy, maksada okgunly ýaş nesli terbiýelemekdir.