Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt edebiýaty bölüminde «Dünýä döwletleri: Eýran» atly kitap sergisi guraldy. Onda okyjyny goňşy döwletiň gadymy taryhy, baý medeniýeti, däp-dessurlary we çeper edebiýaty bilen tanyşdyrýan kitaplar goýlupdyr.
Sergi okyjylarda uly gyzyklanma döretdi, sebäbi Türkmenistan bilen köp asyrlyk taryhy we medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşykly bolan ýurduň halkynyň milli gymmatlyklary we ruhy dünýäsi bilen tanyşlyk özara düşünişmäge we birek-birege hormat goýmaga, hoşniýetli goňşuçylyk hem dostluk ýörelgelerini ösdürmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň habar berşi ýaly, awgust aýynyň başynda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Räsuli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp, oňa birnäçe gymmatly kitaplary sowgat berdi. Bu kitaplar Eýranyň medeniýet merkezi tarapyndan akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edilen 15 golýazmany öz içine alýan iki jiltli kitap, 10000 sözi öz içine alýan parsça – türkmençe sözlük, türkmençe – parsça gepleşik kitaby we 30 sany gadymy pars ertekileriniň ýygyndysydyr.
Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt dilleri bölümi halkara medeni hyzmatdaşlygyň ösmegine goldaw bermek maksady bilen, daşary ýurt ilçihanalary we medeni guramalar bilen aragatnaşyk saklaýar. Bölümiň gaznalarynda dünýä dilleriniň onlarçasynda: iňlis, nemes, arap, fransuz, türk, hytaý, ýapon, pars, urdu, puştu we başga dillerde neşir edilen kitaplar bar. Bu ýerdäki dürli edebiýatdan: ensiklopediýalardan, daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça okuw we gollanma kitaplaryndan, çeper eserlerden, sungat, medeniýet, syýasat, ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça döwürleýin neşirlerden alymlar, talyplar we beýleki okyjylar yzygiderli peýdalanýarlar.