Ï Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek — Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň strategik ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek — Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň strategik ugry

view-icon 3192

Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselesi hem bar. Bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisini, ýagny 17-sini hem resmi taýdan kabul edip we olary milli meýilnamalara, durmuş-ykdysady strategiýalara uýgunlaşdyryp, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Bularyň ählisi BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 79-njy sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar. Bu sessiýa şu ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda öz işine başlar.

Dürli ulgamlarda bilelikdäki ugurdaş taslamalaryň we maksatnamalaryň, şol sanda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dialogyň netijeli, uzak möhletli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň täzelenen düzüminiň birinji mejlisiniň geçirilendigini bellemelidiris. Onuň dowamynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” taýýarlamak boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi.

Şu ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz «Gün tertibi — 2030-a» milli derejede hem, halkara tagallalar babatda hem işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň Ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda Türkmenistanyň teklibine üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç şu ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sammite ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. Şunda onuň düzüminde bitewi standart görkezijileri we hasabatlylygy ýöretmek, aýratyn wajyp tebigy serişdeler babatda halkara derejede hyzmatdaşlyk etmek, Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýetiň tehnologiýalarynyň ählumumy innowasion gaznasyny döretmek, mümkinçilikleri artdyrmak we tejribe alyşmak ýaly esasy dört ugur ileri tutulýan wezipe hökmünde görkezilýär.

Ulag ulgamy hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy bu strategik ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Şol başlangyçlaryň ähmiýetlidigi we derwaýysdygy äşgärdir, çünki ulag-kommunikasiýa pudagy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna, deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orny eýeleýär.

Häzirki zaman şertlerinde ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti barha artýar. Türkmenistan ony ilerletmäge uly ähmiýet berýär. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Wekilçilikli forum bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hil taýdan täze, kuwwatly itergi berdi. 2022-nji ýylyň awgustynda bolsa Türkmenbaşy şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahat geçirildi. Bu maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guraldy. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň bu ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmek we ony täze derejä çykarmak babatda öňe süren oňyn başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ulag strategiýasynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Türkmenistan Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp düzmäge, BMG-niň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamenti we BMG-niň sebitleýin ykdysady komissiýalarynyň bäşisi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň 2026 — 2035-nji ýyllar döwründe «Durnukly ulagyň onýyllygyny» durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny hödürlemäge taýýarlyk görýär. Mundan başga-da, her ýylyň 26-njy noýabrynda bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan halkara çäräni we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasyna laýyklykda, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip edýär. Agzalan toparyň 2022-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan döredilendigini hem-de bu ulgamda giň köptaraplaýyn dialogy saklamak üçin resmi däl meýdança bolup hyzmat edýändigini ýatlatmalydyrys. Onuň işi BMG-niň 2026 — 2035-nji ýyllar döwründe «Durnukly ulagyň onýyllygynyň» çäklerinde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Toparyň birinji ministrler maslahaty 2024-nji ýylyň aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirildi.

Şeýle hem şu ýylyň 17-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýokary derejeli mejlisiň geçirilendigi bellärliklidir. Durnukly ösüş hepdeliginiň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň Başlygy Dennis Frensis tarapyndan çagyrylan mejlise ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň, ugurdaş milli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň başlangyçlarynyň hatarynda Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek teklibi hem bar. Munuň özi durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatda badalga berlen “Aşgabat prosesiniň” logiki dowamy bolar. Bu teklip köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasynda özara ylalaşykly hereketleri işläp düzmäge gönükdirilendir. Şeýle-de ýurdumyz Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Onuň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy wezipesi hemmeler üçin ygtybarly, durnukly energiýanyň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilen maksatlaryň bölünmezliginden we özara baglanyşygyndan ybaratdyr.

Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly mesele hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki işiniň üns merkezinde durýar. Merkezi Aziýada daşky gurşaw meselelerine strategik taýdan çemeleşmekde möhüm ädim hökmünde ýurdumyz ýöriteleşdirilen düzümi — BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işini dowam etdirer. Bu ugurda eýýäm belli bir ädimler ädildi. 2023-nji ýylyň noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek möhümdir. Şol sebit maksatnamalary howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan bu ulgamda ählumumy tagallalary utgaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlara we ylalaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, Pariž ylalaşygyny goldap, ony 2016-njy ýylyň oktýabrynda tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda degişli milli maksatnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Howa gün tertibi boýunça maksatlara ýetmek üçin degişli kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň täze, rejelenen görnüşi tassyklanyldy. Resminama inklýuziw häsiýete eýedir hem-de ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ähli esasy pudaklarynyň täze talaplara uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň giň sanawyny özüne birleşdirýär. Ýangyç-energetika toplumyna aýratyn üns berilýär. Şunda zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär. Ekologiýa, tebigaty goramak babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda iri düzümleýin we şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar. Bu babatda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan Arkadag şäherini mysal getirmek bolar.

Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda resmi taýdan beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara guramalar hem-de hyzmatdaş ýurtlar bilen borçnamadan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, metan atmosferada ähmiýeti boýunça üçünji parnik gazydyr. Ol kömürturşy gazyndan soň howanyň ählumumy maýlamagynyň ikinji çeşmesi bolup durýar. Metanyň atmosferada jemlenmeginiň artmagy howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyna we parnik täsiriniň güýçlenmegine getirýär. Hormatly Prezidentimiz “СОP28” maslahatynda eden çykyşynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlandygyny we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklandygyny belledi. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.

BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlykda Türkmenistan Araly halas etmek meselesine hem aýratyn üns berýär. 2023-nji ýylyň maýynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamany kabul etdi. Ony ýerine ýetirmek maksady bilen, Milletler Bileleşiginiň degişli edaralary bilen BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (UNSPAS) döretmek üçin taslama resminamalaryny taýýarlamak boýunça geňeşmeler dowam etdiriler. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar deňziniň gaýtalanmajak tebigy baýlyklaryny gorap saklamak özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu meselede halkara tagallalara anyk mazmun bermek üçin Türkmenistan 2025-nji ýylda ikinji Hazar daşky gurşaw forumyny guramagy teklip edýär.

Biziň ýurdumyz Hazarda netijeli döwletara we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ugurdaş şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça amala aşyrylýan işleri seljermek, deňiz ylmy barlaglaryny geçirmek, Hazar bilen baglanyşykly halkara hukuk we milli resminamalary işläp taýýarlamak, ýurdumyzda degişli halkara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine syn bermek hem-de degişli usulyýet maglumatlaryny taýýarlamak maksady bilen, Hazar deňzi instituty döredildi. Türkmenistan tarapyndan «Hazar ekologik başlangyjy» hem öňe sürüldi. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara meýdança bolup hyzmat eder. Hormatly Prezidentimiz degişli teklibi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan etmek bilen, bu başlangyjyň BMG, onuň agentlikleri, edaralary we institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydygyny belledi.

Ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Hususan-da, Türkmenistan BMG-niň edaralary bolan BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasynyň, «BMG — Zenanlar» düzüminiň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň gatnaşmagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek meselesine seretmegi möhüm hasaplaýar. Şeýle mehanizmiň işi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maksatlaryna laýyk gelýär. Ol geçen ýyllaryň dowamynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň jemgyýetiň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer durmuşyna gatnaşmak derejesini ýokarlandyrmak işinde dünýäniň iň gowy tejribesini alyşmak üçin netijeli binýada öwrüldi. Şunuň bilen bir hatarda, bu format ähli ugurlar boýunça oňyn sebit hyzmatdaşlygyny ilerletmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň barşynda «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» halkara gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini goldamagy dowam etdirmegi maksat edinýär. Bu formatyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde geçirilen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara ýaşlar forumynyň çäklerinde döredilendigini ýatlatmalydyrys. Munuň özi gol çekilen degişli Jarnamada berkidildi. Onuň maksady sebitiň bäş ýurdunyň ýaşlar guramalarynyň arasyndaky göni gatnaşyklaryň ösdürilmegini höweslendirmekden we goldaw bermekden ybaratdyr.

Türkmenistan raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak boýunça halkara tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda-da çykyş edýär we bu mesele boýunça sebit maslahatyny geçirmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz sport ugry boýunça hyzmatdaşlyga uly üns berýär. «Sport parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly ählumumy gün tertibini öňe sürmekde esasy gatnaşyjylaryň biri hökmünde ýurdumyz sport diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunda 2024-nji ýylyň aprelinde Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeliginiň çäginde geçirilen BMG-niň ilkinji Diplomatik dostluk oýunlarynyň tejribesine esaslanyp, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda şeýle oýunlary her ýylda geçirmegiň tejribesini berkitmäge gönükdirilen Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlemäge taýýarlyk görýär. Resminamanyň esasy maksady halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy, döwletara dialogy we ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin gural hökmünde sportuň mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistan medeniýet ulgamynda giň netijeli gatnaşyklar boýunça işjeň orny eýeleýär. Bu babatda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreleriň geçirilmegini aýdyň mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Beýik şahyryň döredijilik we filosofik mirasy tutuş Gündogara hem-de dünýä degişlidir. Magtymgulynyň eserleri häzirki wagtda-da döwletleriň we halklaryň arasynda dostluga, özara düşünişmäge, hoşniýetli goňşuçylyga çagyryş bolup ýaňlanýar. Munuň özi Milletler Bileleşiginiň esasy ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Şeýle hem medeniýetara dialogy güýçlendirmek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak hakynda Kararnamalaryny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä türki dilleriň güni» atly Kararnamasynyň taslamasyny ilerletmek işini dowam etmegi teklip edýär.

Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanan Bitarap Türkmenistan bu sessiýa gatnaşmaga taýýarlyk görmekde jogapkärçilikli we yzygiderli çemeleşmäni görkezmek bilen, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.