Ï Türkmen hünärmeni Singapuryň bilim pudagyndaky tejribesi bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmeni Singapuryň bilim pudagyndaky tejribesi bilen tanyşdy

view-icon 3804
Türkmen hünärmeni Singapuryň bilim pudagyndaky tejribesi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Singapur Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri O.Berdiýew «Bilim syýasatyny işläp taýýarlamak üçin bilim özgertmeleri: Singapuryň tejribesi» bilim maksatnamasy boýunça halkara maslahata gatnaşdy.

Forumda bilimdäki häzirki ugurlara syn, Singapuryň bilimi dolandyryş ulgamyna toplumlaýyn çemeleşme, Singapur mekdebinde okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasiýa syýasaty ýaly temalara garaldy. Çäräniň dowamynda tejribe alyşmak, bilim edaralaryna baryp görmek we toparlarda işlemek boýunça dürli maslahatlar guraldy.

Bilermenleriň jikme-jik çykyşlary we öndürijilikli çekişmeleriň ençemesi geçirildi. Halkara maslahat oňa gatnaşyjylaryň Singapuryň bilim ulgamynyň aýratynlyklary we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri baradaky düşünjesini giňeltdi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara halkara şahadatnamalary gowşuryldy.

Ylym-bilim pudagynda, medeniýet we sungat ulgamynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek 2019-njy ýylyň awgust aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary wagtynda gepleşikleriň temalarynyň biri bolupdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Singapuryň bilim mümkinçilikleri, ozaly bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary tehnologiýaly pudaklarynyň ösüşi, sanly toparlaryň döredilmegi we ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy nukdaýnazaryndan Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýär.