Ï Halkymyzyň yhlasly zähmeti bilen röwşen geljege tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkymyzyň yhlasly zähmeti bilen röwşen geljege tarap

view-icon 3914

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görýär. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik wezipelerini çözmek boýunça alyp barýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän geçen hepdäniň wakalary hem munuň aýdyň güwäsidir.

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň nyşanydyr. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 7,8 göterime deň boldy. Şeýle-de hasabat döwründe ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini durnukly saklamagyň möhümdigini nygtap, önümçilik kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak işini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mejlisde döwlet Baştutanymyz türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda uly ähmiýeti bolan desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi we zähmetsöýer gallaçylara, oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda köp sanly çäreleriň geçiriljekdigine ünsi çekip, olaryň taýýarlyk işlerine jogapkärçilikli çemeleşmegi, ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Däp bolşy ýaly, 2024-2025-nji täze okuw ýyly ýurdumyzda möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi.

Täze bilim ojagynda zehinli ýaş Watan goragçylarynyň neslini kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Toplum sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan innowasion muzeýi, elektron kitaphanany, okuw-edara binalaryny, 1 müň orunlyk mejlisler zalyny özünde jemleýär. Taktiki söweşjeň taýýarlyk, robototehnika bilen meşgullanmak üçin niýetlenen okuw otaglary harby mekdebiň okuwçylarynyň ygtyýarynda. Sport toplumynda lazerli türgenleşik zaly, atyş taýýarlygyny geçmäge niýetlenen otag, paraşýut dolandyrmagy özleşdirmek üçin «Bodyflight» türgenleşik enjamy bar.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Baştutanlary — Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan, umumy meýdany 4300 inedördül metrden gowrak bolan bu mekdep iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň nyşanyna öwrüldi.

Şanly waka mynasybetli täze mekdebe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna “Bilimli” haryt nyşanly 100 sany noutbuk kompýuteri we “Toyota Coaster” kysymly awtobus sowgat berildi.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze orta mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň açylyş dabaralary boldy. Olarda ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas, beden taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi açyldy. Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen geçirildi hem-de ýetip gelýän şanly senä — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna bagyşlandy. 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan “Bilimli” kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şol gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýan Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşlygynyň dowamynda şäher wideogözegçilik merkezi otagyna baryp gördi. Dispetçer otagynyň işi doly awtomatlaşdyrylandyr. Bu otagda gurnalan, döwrebap programma bilen üpjün edilen kompýuterler arkaly Aşgabat şäheriniň çägindäki seýilgählere wideogözegçilik amala aşyrylýar.

Toplumyň umumy orta bilim bölüminde hormatly Prezidentimiz “e-Mekdep” sanly ulgamynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Onuň üsti bilen ata-eneler öz çagalarynyň ýetişigi, okuwa gatnaşygy, gündelik geçilen temasy, öý işi we alýan bahalary bilen tanşyp bilýärler. Bu bolsa mekdeplerde okuw işleriniň guralyşyna, derse ýetişigine, mugallymlaryň geçen sapaklaryna, okuwçylaryň alýan bahalaryna seljerme bermäge, her bir okuwça şahsy okuw maslahatlaryny bermäge şert döredýär. Toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 110-dan gowrak iş otagy, 120 orunlyk naharhana, tehniki desgalar hem bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Aşgabat ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň hatarynda ornuny berkidýär.

Hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, 27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrandygyny bellemelidiris. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de özgertmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz gaznanyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylyň dowamynda degişli düzümler boýunça alnyp barylýan işler, işlenip taýýarlanylan maksatnamalar barada hasabat berildi. Şunda gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meselelerine, öňde durýan wezipelere aýratyn üns çekildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Taraplar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigi bellenildi. Şeýle-de ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, ýangyç-energetika pudagynda, hususan-da, gaz pudagynda iri möçberli taslamalary amala aşyrmagyň, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meselelerine-de üns çekildi.

Prezident Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde Ogulabat ejäniň durmuş ýoly we türkmen halkynyň özboluşlylygynda öz beýanyny tapan, Watana wepaly, mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam edýän gymmatlyklar barada gürrüň berilýär. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kitaby minnetdarlyk bilen kabul edip, oňa türkmen halkyna gymmatly sowgat, enelere belent sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şu ýylyň maýynda Eýranda bilelikdäki medeni-köpçülik çäreleriniň guralandygy üçin eýran tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama”, Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy” bar.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri bilen duşuşdy. Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky köpasyrlyk, häzirki döwürde okgunly ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Şol gatnaşyklar dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Söhbetdeşler dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda ägirt uly kuwwata, giň mümkinçiliklere eýe bolan netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny bellediler.

Iş saparyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda, gümrük edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdäniň wakalaryna syny dowam etmek bilen, ýurdumyzda 24-nji sentýabrda Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýändigini bellemek gerek. Mejlisde geçen döwürde alnyp barlan işleriň jemi jemlener, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitleniler, olary çözmegiň ýollary babatda tekliplere garalar.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Kamboja Patyşalygynyň, Somali Federatiw Respublikasynyň, Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Duşuşyklaryň dowamynda diplomatlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.

Paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, gurluşyk, senagat ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak babatda giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Duşuşygyň netijeleri boýunça energetika we ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Owganystanyň wekiliýeti bilen başga-da birnäçe duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler, bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagyň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabatda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyklaryň dowamynda energetika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.