Ï 2024-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2024-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

view-icon 4335

Geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, hökümetara toparlaryň mejlisleri we ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — döwletler, iri halkara we sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam berdi.

2-nji awgustda türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Filippinler Respublikasynyň Manila şäherinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-filippin syýasy geňeşmeleri geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, parlamentara dialogy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň meseleleri, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmek boýunça teklipler, sebit hem halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Filippinler Respublikasynyň daşary işler sekretary Enrike Manalo we Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Jude Aguliar bilen geçirilen duşuşyklarda taraplar özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini bellediler. Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

3-nji awgustda Filippinler Respublikasynda saparda bolýan ýurdumyzyň wekiliýeti «Clark-Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu ýerde türkmen tarapy «Clark-Freeport» erkin ykdysady zolagy we täze, ekologik taýdan arassa şäheri döretmek baradaky taslama bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Şeýle hem zolagyň çägine gezelenç guraldy. Amala aşyrylýan taslama ýokary baha berip, türkmen wekiliýeti erkin ykdysady zolaklary döretmek we dolandyrmak babatda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirdi hem-de, öz gezeginde, filippin kärdeşlerini täze Arkadag şäheri bilen tanyşdyrdy. Tanyşdyrylyşyň çäklerinde şäheriň esasy aýratynlyklarydyr gazananlary görkezilip, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň meýilnamalary barada durlup geçildi. Özara tejribe alşylmagy we bilelikdäki başlangyçlar taraplaryň gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ykdysady ösüş hem-de infrastruktura pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we ählumumy derejede köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar muňa aýdyň mysal bolup durýar. Bu döwletleriň halklaryny taryha uzaýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. 9-njy awgustda hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde saparda boldular. Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi, 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren duşuşyklarynda goňşy ýurtlaryň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Şol gün Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Onda sammitiň gün tertibine hem-de jemleýji resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ileri tutulýan ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Astana iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, senagat ulgamlarynda, telekeçilik ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagtynda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine sebit integrasiýasynyň möhüm ugurlary, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary hem-de senagat kooperasiýasy taslamalaryny goldamak, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň çäklerinde birnäçe resminama gol çekildi, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň işewürlik maslahatynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylygyň çäklerinde sergi, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine Hazarýaka ýurtlaryň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ankara şäherine saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň barşynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça özara pikir alşyldy.

13-nji awgustda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçihanasynda Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň we Seýşel Respublikasynyň BAE-däki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

14-nji awgustda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny bellediler. Şeýle-de maglumat howpsuzlygy ulgamynda kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen bagly ýüze çykýan howplara garşy durmakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

16-njy awgustda Daşary işler ministrliginde sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Inger Andersen bilen duşuşyk geçirildi. Onda ählumumy ekologik meseleleri çözmekde halkara, sebit we milli derejede tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi tassyklanyldy.

Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň guramagynda 17-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen «Ählumumy Günortanyň sesi» atly üçünji sammitiň ministrler derejesindäki mejlisi dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekillerini bir ýere jemläp, onuň maksady özara bähbitli sebit gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakdan, ösüp barýan ýurtlaryň derwaýys meseleleri boýunça anyk teklipleri işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.

20-nji we 23-nji awgustda Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen bolan duşuşyklarda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda ulag we energetika pudaklarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigi bellenildi.

22-nji awgustda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Pakistanyň «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Nazir bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda şäher gurluşygy, ýol-ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek, suwaryş ulgamlaryny gurmak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.

23-nji awgustda Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň baş direktory Farruk Şahzad Rao bilen geçirilen duşuşykda türkmen-pakistan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri, hususan-da, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, sebitiň ähli ýurtlarynyň ykdysady arabaglanyşygyny gowulandyrmak üçin port düzümlerini herekete getirmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

24-nji awgustda türkmen wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen bolan duşuşygynda ulag, energetika, ekologiýa ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, üstaşyr ulag ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynda iş saparynda bolup, Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da, energetika, elektroenergetika, gaz we ulag pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini ýurdumyzda şu ýylyň oktýabrynda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýranyň wekiliýetleriniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

30-njy awgustda paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi. Ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, gurluşyk we senagat pudaklarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşygyň jemleri boýunça energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Awgust aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Mawrikiý Respublikasynyň, Somali Respublikasynyň, Kamboja Patyşalygynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Parlamentara gatnaşyklary hem-de iri halkara guramalaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi.

Şeýlelikde, awgust aýynyň möhüm halkara wakalaryna berlen syn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.