Ï «Diplomatik protokol» okuw merkezinde okuwlaryň üçünji tapgyryna badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Diplomatik protokol» okuw merkezinde okuwlaryň üçünji tapgyryna badalga berildi

view-icon 2270
«Diplomatik protokol» okuw merkezinde okuwlaryň üçünji tapgyryna badalga berildi

Täze 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezinde okuwlaryň üçünji tapgyryna badalga berildi. 

Okuw merkeziniň 2024-nji ýylyň fewralynda bolan açylyşynyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň baýram edilmegi bilen gabat gelmegi bellemek gerek. Döredilen gününden başlap, okuw merkezi diňleýjilere diplomatik protokol we özüňi alyp barmak babatda bilimlerini çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. 

Okuwlaryň birinji we ikinji tapgyrlarynyň uçurymlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de degişli ministrlikleriň ýörite şahadatnamalarynyň eýeleri boldular. 

Iki aýlyk okuwlar sapaklaryň 120 sagadyna niýetlenilendir. Şol sapaklar iş gününden soň geçirilýär, bu bolsa diňleýjilere esasy işlerinden üznüksiz okuw geçmäge mümkinçilik berýär. 

Okuw maksatnamasy dört ugurdan ybarat. Birinji ugur Türkmenistanyň daşary syýasat meselelerine hem-de onuň häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda eýeleýän ornuna bagyşlanýar. Ikinji ugur diňleýjileri diplomatik gatnaşyklary düzgünleşdirýän halkara hukuk kadalary bilen, şeýle hem diplomatik we konsullyk gatnaşyklary baradaky Wena konwensiýalarynyň maddalary bilen tanyşdyrýar. 

Üçünji ugur wekilhanalaryň baştutanlaryny bellemegiň tertibi, ynanç hatlaryny gowşurmak protokoly hem-de beýleki protokol kadalary bilen birlikde, diplomatik wekilhanalaryň işleriniň protokol düzgünlerine degişli temalary öwrenmäge gönükdirilendir. Dördünji ugur ählumumy raýatlyk we diplomatik taýdan özüňi alyp barmagyň düzgünleri bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny gurşap alýar. 

Okuwlaryň meýilnamasy we maksatnamasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. 

Okuwlar Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň sebitleýin departamentleriniň işgärleri üçin niýetlenilendir.