Ï Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar- maglumat merkezine koreý dili boýunça okuw kitaplary berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar- maglumat merkezine koreý dili boýunça okuw kitaplary berildi

view-icon 2790
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar- maglumat merkezine koreý dili boýunça okuw kitaplary berildi

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezine koreý dili boýunça okuw kitaplaryny gowşurmak dabarasy boldy. Çärä merkeziň direktory we hünärmenleri, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tekiň ýolbaşçylygyndaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Innowasiýalar-maglumat merkeziniň direktory Ç.G.Hanmuhammedow we merkeziň hünärmenleri koreý myhmanlaryny dabaraly garşy aldylar. Koreý dili boýunça okuw kitaplaryny peşgeş bermek dabarasynda taraplar bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkeziniň esasynda birnäçe ýyl bäri Koreýa Respublikasynyň ýardam bermeginde döredilen we Türkmenistanda inklýuziw bilim hyzmatlaryny işjeň ilerledýän maglumat merkezi işleýär. Innowasiýa sanly bilim gurşawyny döretmek üçin döwrebap we ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu merkez pensiýadaky raýatlar we maýyp çagalar üçin mugt kompýuter sowatlylygy okuwlaryny hödürleýär, koreý dilini öwredýär we Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny ýurduň medeniýeti bilen tanyşdyrýan dürli çäreleri geçirýär.

Merkez maglumat elýeterliligi boýunça öz wezipelerini netijeli ýerine ýetirmek üçin Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen yzygiderli gatnaşyk saklaýar. Koreý dili boýunça okuw kitaplaryny sowgat bermek dabarasy bu netijeli gatnaşyklaryň we ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň alyp barýan giňişleýin halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň aýdyň netijesidir.