Ï Watanymyzyň döredijilik kuwwaty barha artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň döredijilik kuwwaty barha artýar

view-icon 3634

Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, umumy maksatlara ýetmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň möhüm wezipeleridir.

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda bugdaý ekişine, pagta ýygymyna taýýarlyk görülýär. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň, degişli oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmegi, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak üçin ähli zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda geljek ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz jogapkärli möwsümde oba hojalyk işleriniň guramaçylykly, ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini aýdyp, bugdaý ekişine, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.

2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaş ýurtlardyr kompaniýalar bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek, birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgelerinden ugur alýandygyna üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ileri tutýandygyny, innowasion tehnologiýalary, ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de döwrebap tehnologiýalary, ýokary öndürijilikli enjamlary işe ornaşdyrjakdygyna, Türkmenistanda döwlet we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda myhman özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Işewür Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň “Rönesans Holdinge” ynanylmagynyň bu kompaniýa üçin uly mertebedigini belledi. Şeýle desgalaryň yzygiderli ýagdaýda gurulmagy we ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen içgin tanşyp, olar durmuşa geçirilende ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň, ekologik kadalaryň, halkara ölçegleriň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji sentýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda görülýän çäreler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde üstünlikli geçirilen giriş synaglary, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Täze toplumda Watan goragçylarynyň ýaş neslini kemala getirmek, olaryň zehinini ösdürmek, dürli harby hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, netijeli okamak, harby talyplaryň amatly ýaşaýyş-durmuşy, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilendir.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini, döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýändigini aýtdy.

4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertler döredilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin niýetlenen ýerler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda taýýarlanyldy. Bu jogapkärli möwsümde bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak üçin döwrebap elewatorlar, degirmen toplumlary hereket edýär.

6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda milli kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, maliýe-ykdysady we pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, standartlaşdyryş ulgamy, “Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti” atly ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz känindäki gaz guýularynyň buraw işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny üpjün etmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek, käbir ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek ýaly meseleler bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişmäge ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän toplumy daşky inženerçilik ulgamlary bilen bilelikde taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak boýunça tehniki tabşyryk, “Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek” atly sebitleýin taslamanyň çäginde 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça teklip hödürlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berildi. Hususan-da, şu ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, sahna oýunlarynyň, filmleriň görkezilişini, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 10-njy sentýabrda açyljak 79-njy sessiýasyna gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleri mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26 Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň 8 gezek Baş Assambleýanyň wise-başlyklygyna saýlanylandygy, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň 10 sany komissiýasynyň we geňeşiniň agzasy bolup durýandygy bellenildi. Ýurdumyzda guramanyň agentlikleriniň 9-synyň wekilhanalary hereket edýär. Olaryň gatnaşmagynda häzirki wagtda BMG bilen bilelikde jemi 40-dan gowrak taslama durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň howanyň üýtgemegi we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça tagallalaryna işjeň gatnaşýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işler dowam etdiriler. Mundan başga-da, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak” atly Kararnamasyna laýyklykda geňeşmeler geçiriler. Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamagyň hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda Hazar ekologiýa forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzda köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek teklip edilýär. Şeýle-de “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly halkara meýilnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogy boýunça degişli işler amala aşyrylar.

6-njy sentýabrda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti, 7-nji sentýabrda bolsa höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry bilen Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli giňden ýaýbaňlandyrylan dabaralara badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşikleri synaglardyr başlangyçlar, batyrgaý gözlegler üçin giň mümkinçilikleri açýar, ýaşlary öz başarnyklaryny doly açyp görkezmäge höweslendirýär. Bäsleşikleriň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň dowamynda iň mynasyp aýdymçylar saýlanyldy.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, ýörite diplomlar, jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisine bolsa ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalaryna geçmek bilen, Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, birnäçe döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Tailand Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň we Ysraýyl Döwletiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisinde Arkadag şäheriniň “Iň tapawutlanan akylly şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri” hem-de “World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklaryň üçüsi bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Şunda “Iň tapawutlanan “akylly” şäher” diýen baýraga diňe Arkadag şäheriniň mynasyp bolmagy aýratyn buýsançlydyr.

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynda ylmyň gazananlary bilen öňdebaryjy dünýä tejribesiniň utgaşdyrylmalydygynyň, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, ekologik taýdan bildirilýän talaplary berjaý etmegiň zerurdygyny, onuň binagärlik aýratynlyklarynyň ähli babatda ýokary görkezijilere laýyk gelmelidigini belledi.

8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Şol gün Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň çarwa taýpalaryň medeni aýratynlyklarynyň saklanyp galmagyna, gaýtadan dikeldilmegine ýardam berýändigini, dürli ýurtlaryň wekilleriniň gadymy däp-dessurlar bilen tanyşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Bu ýaryşlarda biziň ýurdumyza 29 türgen wekilçilik edýär. Olar göreş, ýaýdan ok atmak we milli oýunlaryň beýleki görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezerler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylmagynyň öňüsyrasynda, has takygy, 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilendigine ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu resminamanyň BMG-niň çäklerinde sport diplomatiýasyny amala aşyrmak üçin ygtybarly binýadyň döredilmegine gönükdirilendigini belledi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, Watanymyzyň rowaçlygynyň, ählumumy abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýany boldy.