Ï Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret Anonim Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret Anonim Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 3993

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda söwda merkeziniň taslamasyny düzmek, meýdançanyň toprak işlerini ýerine ýetirmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we söwda merkezini 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.