Ï Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň Erazmus+ maksatnamasynyň çäklerinde okuw maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň Erazmus+ maksatnamasynyň çäklerinde okuw maslahatyna gatnaşdy

view-icon 3485
Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň Erazmus+ maksatnamasynyň çäklerinde okuw maslahatyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Finlýandiýa Respublikasynyň Tampere şäherinde Amaly ylymlar uniwersitetinde sentýabryň birinji ongünlüginde geçen «Innowasiýalary hem-de durnukly ekoulgamy häzirki döwürde we geljekde iş bilen üpjün etmek üçin uniwersitetler bilen senagatyň arasyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek» diýen tema boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy.

Çäre Ýewropa Bileleşiginiň Erazmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Ýewropanyň Bilim we Medeniýet boýunça ýerine ýetiriji agentliginiň (EACEA) tarapyndan Ýokary bilimi özgertmek boýunça bilermenleri goldamak we öňe ilerletmek (SPHERE) konsorsiumy bilen bilelikde guraldy.

Okuw maslahatyň açylyş dabarasynda Tampereniň Amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň wekilleri gutlag sözleri bilen çykyş edip, çärä gatnaşyjylara netijeli we üstünlikli işlemegi arzuw etdiler.

Okuw maslahatyň çäklerinde Tampereniň Amaly ylymlar uniwersitetiniň işewürlik we media ulgamyna degişli dokma we howaýy barlaghanalar boýunça tanyşlyk gezelenji guraldy. Işewürlik we media mekdebiniň direktory Niina Jalinoža «Şu günki we ertirki iş orunlary üçin bilim» diýen tema boýunça toparlaýyn maslahat geçirdi, şonuň dowamynda çärä gatnaşyjylar gozgalan mesele babatda öz pikirlerini beýan etdiler.

Okuw maslahatynda Tampereniň Amaly ylymlar uniwersitetiniň hususy ulgam bilen hyzmatdaşlygy, hünär taýdan yzygiderli ösmegiň zerurlygy, ekoulgamyň aýratynlyklary, zähmetde terbiýeçilik başarnyklary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň senagat bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň on ýyldan gowrak wagt bäri Ýewropa Bileleşiginiň Erazmus+ maksatnamasyna işjeň gatnaşyjy bolup durýandygyny belläp geçmek gerek. Bu maksatnama bilim, hünär okuwy, işgärleri taýýarlamak, sport we ýaşlar bilen işlemek, ýokary okuw mekdepleriň talyplary we işgärleri hem-de ýokary okuw mekdepleriň özleri üçin goşmaça bilim we maliýe mümkinçiliklerini döretmek ulgamynda taslamalary goldamaga gönükdirilendir. Ýewropa Bileleşiginiň Erazmus+ maksatnamasy 25 ýyldan gowrak tejribesine hem-de bilim, hünär taýýarlygy we ýaşlar ulgamynda Ýewropa maksatnamalarynyň gazananlaryna daýanýar.