Ï Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň talyplary halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň talyplary halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

view-icon 3435
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň talyplary halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini geçirer.

Bäsleşige gatnaşmaga ýokary okuw mekdeplerinde näçinji ýyl okaýandygyna we hünärine garamazdan, gyzyklanma bildirilýän talyplaryň ählisi çagyrylýar. Bäsleşigiň resmi dilleri: türkmen, iňlis we rus.

Bäsleşigiň geçirilmegi oba hojalygynyň durnukly ösüşine hem-de BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde suw çeşmelerinden rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Bäsleşigiň maksady zehinli, giň gözýetimli pikirlenip bilýän ýaşlary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden, talyplaryň ylmy we döredijilik pikirlenişini, barlaglary geçirmek başarnyklaryny ösdürmekden, olary BMG-niň DÖM-den gelip çykýan möhüm oba hojalyk wezipelerini özbaşdak çözmäge itergi bermekden ybaratdyr. Mundan başga-da, talyplaryň DÖM-iň gazanylmagynda oba hojalygynyň eýeleýän ornuna, häzirki zaman ylmy çemeleşmelere hem-de olaryň iş ýüzünde ulanylmagyna çuňňur düşünmeklerini gazanmak çäräniň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Bäsleşik 3 ugur: Oba hojalyk taslamalary; IT-taslamalary; Işewürlik taslamalary boýunça geçiriler.

Ýaryş iki tapgyry özünde jemläp, şolaryň çäklerinde oňa gatnaşyjylar öz işlerini ylmy-taslama ýazgysy we tanyşdyrmalar görnüşinde görkezerler.

I tapgyrda bäsleşikde kabul edilen 3 sany uguryň birine degişli talybyň ýa-da düzümi iki gatnaşyjydan ybarat bolan talyplar toparynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ylmy-taslamanyň işiniň ýazgysyny 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Merkezi guramaçylyk iş toparynyň (tohi.tm.info@gmail.com) elektron salgysyna ibermelidirler.

Iberilen işleriň eminler topary tarapyndan geçirilen seljermeleriniň netijesi boýunça II tapgyra geçen talyplaryň sanawy 10-njy oktýabrda institutyň saýtynda ýerleşdiriler.

Bäsleşigiň 16-17-nji oktýabrda onlaýn ýagdaýda geçiriljek II tapgyrynda oňa gatnaşyjylar Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde öz ylmy-taslamasy boýunça tanyşdyrmalary bilen çykyş etmeli bolarlar.

Taslamanyň wajyplygy, täzeçilligi, mazmuny, gerimi, durmuşa ornaşdyrmak mümkinçiligi, daşky gurşawa täsiri ýaly Merkezi guramaçylyk iş topary tarapyndan talyplaryň işlerine baha beriljek esasy ugurlar bolar. Merkezi guramaçylyk iş toparynyň düzümine Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekilleri, oba hojalyk pudagy boýunça ylmy-barlaglaryny alyp barýan ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň professor-mugallymlary we ylmy işgärleri girer.

Bäsleşigiň ugurlarynyň üçüsiniň hersi boýunça I, II we III orunlar baha berilmegiň ähli görkezijileri boýunça toplanan utuklaryň jeminiň esasynda kesgitleniler. Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Işleri bellige aldyrmak hem-de bäsleşik baradaky beýleki maglumatlar Türkmen oba hojalyk institutynyň saýtynda ýerleşdirilendir.

Bäsleşigiň guramaçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň geçirilmeginiň köp babatda döwletde milli bilim ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak we türkmen ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy ýokary mekdepleriniň hataryna goşulmagy boýunça ileri tutulýan wezipeleriň çözülmegine ýardam eder.