Ï Türkmenistanyň wekilleri «Jastar Generation – 2024» atly halkara ýaşlar lagerine gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri «Jastar Generation – 2024» atly halkara ýaşlar lagerine gatnaşdylar

view-icon 2712
Türkmenistanyň wekilleri «Jastar Generation – 2024» atly halkara ýaşlar lagerine gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherindäki «Arman Dala» sagaldyş-dynç alyş merkezinde geçirilen «Jastar Generation – 2024» atly halkara ýaşlar lagerine gatnaşdy. «Assambleýa žastary» Respublikan jemgyýetçilik guramasy çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Lageriň binýadynda ýaşlaryň dürli düzümileriniň wekilleri – ýaşlar hereketleriniň hem-de guramalarynyň liderleri we işjeňleri, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň ähli sebitlerinden ýaşlary syýasaty ulgamyna degişli hünärmenler ýygnandylar. 

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri girdiler.

Çäräniň çäklerinde ussatlyk sapaklary, taslama menejmenti, medeniýetara kommunikasiýalar, duýgy intellekti, mediany öňe ilerletmek hem-de beýleki ugurlar boýunça okuwlar geçirildi.

Lageriň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Maksat Bugraýew bilim ulgamyndaky innowasiýalara, dil başarnyklaryny we medeniýatara gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan maslahatlara işjeň gatnaşdy. Bilim işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmäge degişli meselelere aýratyn üns berildi.

Türkmen wekilleriniň çykyşlarynda ýaşlar syýasaty ulgamynda taslamalary, başlangyçlary amala aşyrmak we öňe ilerletmek boýunça sebitiň ýurtlary bilen üstünlikli gatnaşyk edilýändigi nygtaldy. Bu ugurda bilelikde netijeli çözgütleri tapmak işleriniň alnyp barylýanlygy, ýaşlar syýasaty babatda işleýän ýaş hünärmenler üçin okuw maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylýandygy bellenildi. 

Toparçalaryň çäklerinde guralan tematiki interaktiw çäreler we ussatlyk sapaklary maksatnamanyň möhüm düzüm bölekleri boldy. Gatnaşyjylaryň toparlara bölünmegi türkmen hünärmenlerine utgaşykly hereket edilende işleriň netijeliliginiň ýokary bolýandygyna gözegçilik etmäge, gatnaşyk etmek başarnyklaryny ösdürmäge, höwesi artdyrmaga taslamalarda ýerine ýetirilýän wezipeleri takyklamaga hem-de öz güýçli taraplaryny ýüze çykarmaga, şeýle hem liderlik häsiýetleri babatda başarnyklary giňeltmäge mümkinçilik berdi.

«Jastar Generation – 2024» atly ýaşlar lageri bilim we ýaşlar syýasaty babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Türkmen tarapynyň şeýle ähmiýetli halkara taslama gatnaşmagy hünär taýdan göz ýetimleri giňeltmäge, iň oňat tejribeleri we innowasion çözgütleri ulanmak arkaly häzirki zaman bilim ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça uly tejribe toplamaga mümkinçilik berdi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň maksat edilýändigini görkezdi.