21-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli künjeklerinden ýokary synp mekdep okuwçylary «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual taslamasynyň IV möwsümine gatnaşmak hukugyna eýe bolmak ugrunda bäsleşdiler. Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralýar.
Onlaýn arkaly geçirilen saýlama-synag tapgyryna ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 10-njy, 11-nji we 12-nji synplaryň okuwçylarynyň 800-den gowragy gatnaşdylar. Synag mekdep maksatnamasynyň Türkmenistanyň taryhy, bütindünýä taryh, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, iňlis dili, rus dili ýaly dersleri boýunça taýýarlanylan ýazuw arkaly sowallaryň 100-sini özünde jemledi. Mundan başga-da, test-sowallaryň üsti bilen okuwçylaryň intellekt görkezijisiniň (IQ) derejesine hem-de logiki pikirlenip bilişlerine baha berildi.
Synag tapgyrynda iň gowy netijeleri görkezen okuwçylaryň 64-si bäsleşigiň IV tapgyryna gatnaşmaga hukuk alarlar. Synagyň netijeleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýtynda yglan ediler, şol saýtda hem bäsleşige gatnaşyjylar üçin bäsleşik barada hemme maglumatlar ýerleşdiriler.
Taslamanyň täze möwsümi «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» diýen umumy şygar astynda geçer.
2024-2025-nji okuw ýylynyň täze möwsümi üçin şygar ajaýyp waka – Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlüp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji maslahatynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen baglylykda tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebiniň hünäre ugrukdyryş bu ajaýyp taslamasy dördülenji okuw ýyly yzly-yzyna geçirilýär we ýurdumyzyň okuwçylarynyň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Aň-paýhas bäsleşigi taryha, syýasata we diplomatiýa aýratyn gyzyklanma bildirýän has zehinli hem-de başarnykly ýaşlary ýüze çykarmaga we çekmäge gönükdirilendir.