Ï S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Hasyl toýy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Hasyl toýy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirer

view-icon 3491
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Hasyl toýy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirer

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirer.

Halkara forum Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli 6-njy noýabrda onlaýn görnüşde geçiriler.

Maslahata gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym we bilim ulgamynyň wekilleri – ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, professorlary, ylmy-barlag institutlaryň, ylmy gurmalaryň alymlary, bilermenleri, hünärmenleri çagyrylýar. Çäre türkmen, iňlis we rus dillerinde geçiriler.

Maslahat tematiki ugurlaryň sekizisi boýunça geçiriler. Şolaryň hatarynda – Agranomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa; Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek tehnologiýasy; Zootehniýa we weterinar lukmançylygy; Agroinženerçilik; Oba hojalyk uniwersitetinde ynsanperwer we matematika ylymlary; Ýeňil we dokma senagaty; Suw gorlaryny dolandyrmakda we ulanmakda innowasion tehnologiýalar ugurlary bar.

Maslahata hödürlenilýän işler ozal çap edilen bolmaly däldir, bir awtor ýa-da iki bolup bilelikde ýazylmalydyr, yglan edilen tema laýyk gelmelidir hem-de ylmy-barlag işleriň netijelerini özünde jemlemelidir.

Maslahata gatnaşmak isleýänler 6-njy oktýabra çenli gatnaşyjynyň bellige alnan görnüşini, saýlap alan temasy boýunça syn berlen hasabatyň mazmunyny taýýarlamalydyrlar hem-de conference.tau@mail.ru elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna ibermelidirler.

Bellige alnan görnüşiniň nusgasy, çykyşlaryň we synlaryň mazmunyny beýan etmegiň düzgüni, şeýle hem gatnaşyjylar üçin hemme giňişleýin maglumatlar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň saýtynda ýerleşdirilendir.

Forumyň geçirilmegi maslahata gatnaşyjy ýurtlardan bolan kärdeşlere hünär taýdan tejribelerini we pikirlerini paýlaşmaga, täze peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer, şeýle hem köp babatda ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge hem-de bilelikde oňyn netijeleri gazanmaga ýardam berer.