Ï Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary Germaniýa Federatiw Respublikasynda we Niderlandlar Patyşalygynda önümçilik tejribesini geçdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary Germaniýa Federatiw Respublikasynda we Niderlandlar Patyşalygynda önümçilik tejribesini geçdiler

view-icon 2613
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary Germaniýa Federatiw Respublikasynda we Niderlandlar Patyşalygynda önümçilik tejribesini geçdiler

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 15 talyby mehanizasiýa fakultetiniň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda «John Deere» kompaniýasynyň Germaniýadaky we Niderlandlardaky maşyngurluşyk zawodlarynda boldular.

Sapar 14–21-nji sentýabry aralygynda önümçilik tejribesiniň çäklerinde öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmek we özleşdirmek hem-de döwrebap önümçilik tehnikalary bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen amala aşyryldy.

Türkmen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mangeým şäherinde ýerleşýän «John Deere» kompaniýasynyň traktor öndürýän zawodyna baryp gördüler. Zawodyň forumlar merkezinde myhmanlar üçin kompaniýanyň bilermenleriniň we GDA ýurtlarda marketing bölüminiň ýolbaşçysynyň gatnaşmagyna tanyşdyrmalar guraldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary kompaniýanyň taryhy, onuň Mangeýmde traktorlary öndürmek babatda gazananlary hem-de geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyryldy. Bilelikdäki maslahatlaşmalaryň dowamynda kompaniýanyň wekilleri Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

Soňra esasy hünärmenleriň ýolbaşçylygynda zawodyň önümçilik toplumy boýunça tanyşlyk gezelenji geçirildi. Hünärmenler türkmen talyplaryna tehniki howpsuzlyk düzgünleri boýunça düşündiriş geçip, olary kärhananyň tehniki we tehnologik mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Tehnikanyň müşderiniň aýratynlykdaky buýurmasyna görä öndürmek mümkinçiliginiň zawodyň aýratynlygy bolup durýandygy bellenildi.

Tanyşlyk gezelenjiň dowamynda talyplar traktor öndürmegiň ýokary derejede awtomatlaşdyrylan işlerini höwes bilen synladylar, şunda işleriň köp bölegini robotlar we ýörite tehnikalar ýerine ýetirýär. Tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň hem-de hil babatda ýokary gözegçiligiň berk berjaý edilişi talyplaryň uly ünsüni çekdi. Munuň özi öndürilýän traktorlaryň ygtybarlylygyny üpjün edýär.

Soňra türkmen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bruhzal şäherinde «John Deere» kompaniýasynyň traktorçynyň oturýan we dolandyrýan ýerini düzüp ýygnamaga ýöriteleşen zawodyna baryp gördüler. Şu ýerde hem ätiýaçlyk şaýlaryny paýlaýjy Ýewropa merkezi (E-PDC) işleýär, dünýäde iň iri merkezleriň biri bolup ol, şeýle hem GDA, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna hyzmat edýär.

«John Deere» kompaniýasynyň Kaýzerslautern şäherinde ýerleşýän Ýewropa tehnologiýalar we innowasiýalar merkezine barylmagy gözýetimiňi giňelden sapar boldy. Ol merkez kompaniýanyň açyşlarynyň we öňdebaryjy çözgütleriniň esasy çeşmesi hasaplanýar. Bu ýerde merkeziň bilermenleriniň ýolbaşçylygynda myhmanlar üçin oba hojalyk işlerini meýilleşdirmek boýunça «Work Planner» programmasynyň aýratynlyklary barada okuwlar geçirildi, şondan soň talyplara oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny dolandyrmagyň sanly elektron ulgamyny öwretmegiň usulyýeti bilelikde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Merkeziň üns berýän işi, esasan, traktorlara hem-de ýygyjy tehnikalara elektronikany birleşdirmäge, şeýle hem tehnikanyň dolandyrylyşyny awtomatlaşdyrmaga, meýdanda işledilýän wagty onuň netijeliligini artdyrmaga, operatoryň ýadawlygyny azaltmaga kömek edýän täze tehnologiýalary işläp düzmäge jemlenendir. Täze konstruktor işläp taýýarlamalar, «intellektual ekerançylyk ulgamlar» hojalygyň meýdanlarynda synag edilýär.

Saparynyň dowamynda biziň wekiliýetimiz «John Deere» kompaniýasynyň Niderlandlar Patyşalygynyň Horst şäherindäki zawodyna hem baryp gördüler. Bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň özi ýöreýän, pürküji hem-de tirkeg enjamlar ýaly nusgalarynyň önümçiligi ýola goýlupdyr.

Önümçilik tejribesiniň geçilmegi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplaryna daşary ýurt tejribesini içgin öwrenmäge we maşyngurluşyk ulgamynda belli bir başarnyklara eýe bolmaga, «John Deere» kompaniýasynyň maşynlary we enjamlary, olaryň içki gurluşlary hem-de iş mümkinçilikleri, tehnikalaryň öndürilişi barada has giň bilimleri ele almaga mümkinçilik berdi.

«John Deere» kompaniýasy ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Amerikanyň bütin dünýä belli, eýýäm, 25 ýyldan gowrak wagt bäri oba hojalyk tehnikalarynyň iň döwrebap nusgalaryny hödürläp, türkmen bazarynda özüni tanatdy. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda «John Deere» kompaniýasynyň tehnikalary biziň meýdanlarymyzda özüni ýokary derejede görkezdi, olaryň ygtybarlylygyna hem-de netijeliligine ekerançylar mynasyp baha berdiler.