Ï Türkmenistanyň wekiliýeti VII halkara balyk senagaty forumyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti VII halkara balyk senagaty forumyna gatnaşdy

view-icon 2752
Türkmenistanyň wekiliýeti VII halkara balyk senagaty forumyna gatnaşdy

Sankt-Peterburgda VII halkara balyk senagaty forumy hem-de deňiz önümleriniň we tehnologiýalaryň sergisi geçirildi. Çäre sergileri, ugurdaş mazmunly tegelek stollary, tanyşdyrmalary, roud-şoulary, ylmy-amaly okuw maslahatlary hem-de işewürlik mejlisleri özünde jemlän baý işewürlik maksatnamasy bilen ýatda galyjy boldy. 

Türkmenistandan forumyň işine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. «Global Fisheri Forum & Seafood Expo Russia 2024» atly işewür maksatnamanyň çäklerinde «Balykçylyk pudagynda bilim we barlag geçiriş taslamalaryny amala aşyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara ylym-bilim forumynyň tegelek stoly geçirildi. Forumda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň müdiri S.Annamuhammedow çykyş etdi. 

Şeýle hem Gwineýa Respublikasynyň balykçylyk we deňiz ykdysadyýeti ministriniň, rus ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiriniň belleýşi ýaly, çykyşlardan soň, balykçylygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada pikir alyşmalar geçirildi.

Pikir alyşmalaryň dowamynda Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň, şeýle hem onuň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki şahamçasynyň ýolbaşçylary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini nygtadylar.

Ýaýbaňlandyrylan sergi Russiýa Federasiýasynyň balykçylyk pudagynyň balyk tutmakdan başlap, ony gaýtadan işlemäge, senagatyň ýöriteleşdirilen enjamlaryna çenli ösüşini, gämi gurluşygyny we abatlanylyşyny görkezdi. 

– Bu çäre ylmy taslamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek isleýän ýokary okuw mekdepleriň açyk dialogyna öwrüldi. Tegelek stol we umuman, forumyň özi balykçylyk hojalygy toplumyna işgärleri taýýarlamakda halkara ylym we bilim hyzmatdaşlygynyň täze nusgasyny döretmek üçin mümkinçilik boldy – diýip, S.Annamuhammedow forumyň işiniň netijelerini jemledi.