Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň wekili Singapurda halkara bilim festiwalyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň wekili Singapurda halkara bilim festiwalyna gatnaşdy

view-icon 2889
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň wekili Singapurda halkara bilim festiwalyna gatnaşdy

Singapur politehniki uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiň 70 ýyllyk şanly senesi mynasybetli «International Learning Festival (ILF 2024)» atly halkara bilim festiwaly geçirildi.

ILF 2024 «Emeli aň we durnukly ösüş eýýamynda okatmagyň we tälim bermegiň ösdürilişi» diýen tema boýunça guraldy.

Çäre ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere hormat goýmak, emeli aň we durnukly ösüş babatda okatmagyň hem-de tälim bermegiň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen, akademiki jemgyýetçilikde gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ylym hem-de bilim ulgamynyň wekillerini, Singapuryň ýokary okuw mekdebiniň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky hyzmatdaşlaryny bir ýere jemledi.

Biziň ýurdumyzdan festiwala Türkmenistanyň Oguz han adynaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň bilim bölüminiň hünärmeni Myrat Rahmedow gatnaşdy.

Festiwalyň çäklerinde tehnologiýalary ulanmakda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen guralýan tehnologik bilimde gazanylanlar boýunça halkara simpozium (ISATE) – Singapuryň politehniki ýokary okuw mekdepleriniň, ýapon milli tehnologik institutlarynyň, Gonkongyň hem-de Finlýandiýanyň birnäçe uniwersitetleriniň gatnaşmaklarynda her ýylky maslahat geçirildi.

Learning Express (LeX) atly maslahat halkara wakalarynyň hataryna girdi. Maslahatda Singapur uniwersitetiniň rektorlarynyň we ýolbaşçy düzüminiň wekilleriniň 180-e golaýy hem-de talyplary çalyşmagy boýunça Learning Express SPU maksatnamalaryna gatnaşýan sebitiň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň 33-si duşuşdylar.

Çäräniň çäklerinde CDIO (IWM) 2024 diýen halkara iş duşuşygy geçirildi. Oňa okatmagyň hem-de tälim bermegiň innowasion okuw maksatnamalaryny we usullaryny işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyga ýardam etmäge gönükdirilen CDIO guramasynyň agzalary gatnaşdylar.

Singapur uniwersiteti CDIO-nyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr we 2011-nji ýyldan bäri onuň Aziýadaky sebitleýin ýolbaşçylarynyň biri bolup durýar.

CDIO – innowasion inženerçilik bilimi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň bütindünýä ulgamy bolup, dünýäniň 35 ýurdunyň 200-den gowrak ýokary okuw mekdeplerini birleşdirýär. CDIO (Conceive — Design — Implement — Operate) başlangyjy bilim maksatnamasy hökmünde bolup, onuň esasynda talyplaryň inženerçilik hünärini «Meýilleşdirmek – Taslama düzmek – Öndürmek – Ulanmak» nusgasyna laýyklykda halkara derejesinde anyk ulgamlary, işleri we önümleri özleşdirip bilmeklerini gazanmak maksady durýar.

CDIO-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň berkidilmegini gazanmak türkmen wekiliýetiniň Singapura bolan saparynyň esasy maksadydyr.

Türkmenistanyň Oguz han adynaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup, 2023-nji ýylyň martynda CDIO guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edilendigini bellemek ýerlikli bolar. Akademiki we ylmy ulgamda kämillige tarap ymtylyşy, innowasion inženerçilik bilimini yzygiderli ösdürmäge ygrarlydygyny görkezip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda, şol sanda CDIO-nyň çäklerinde geçirilýän ylmy-amaly, bilim häsiýetli dürli çärelere yzygiderli gatnaşýar.