Ï ABŞ-nyň AC Language mekdebi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ABŞ-nyň AC Language mekdebi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi

view-icon 2781
ABŞ-nyň AC Language mekdebi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde AC Language mekdebi bilen duşuşyk netijeli geçdi. Oňa Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Orazow, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew gatnaşdylar. AC Language mekdebiniň ýolbaşçysy, Baş direktory Anheles Çawes duşuşyga ýolbaşçylyk etdi.

AC Language mekdebi Türkmenistanyň zähmet bazarynyň talaplaryndan ugur alyp hem-de halkara hil ölçeglerini göz öňünde tutup, aýratynlykdaky bilim okuwlaryny işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş etdi. Bu teklip Türkmenistanyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça strategik maksatlaryny goldamaga gönükdirilendir. 

AC Language mekdebi bilim maksatnamalaryny guramak maksadynda Türkmenistan bilen işlemäge taýýardygyny nygtady. Şol maksatnamalar ykdysadyýetiň şu aşakdaky möhüm ugurlaryny: 

1. Syýasatçylyk: daşary ýurt dillerini öwrenmegi we milletara derejede gatnaşyk etmek başarnyklaryny ösdürmegi goşmak bilen hyzmat etmegiň halkara ölçegleri babatda taýýarlyk okuwlary; 

2. Tehnologiýalar we inženeriýa: maglumat tehnologiýalar, programma düzmek, additiw tehnologiýalar (3D-neşir) we bioinformatika boýunça okuwlary;

3. Işewürlik we dolandyryş: MBA halkara ölçeglerine laýyk gelýän hem-de geljekki ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň arasynda işewürlik başarnyklarynyň derejesini artdyrmaga kömek etjek işewürlik dolandyrmasy, taslamalary dolandyrmak boýunça ýörite okuwlary;

4. Energetika: energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, tebigy serişdeleri durnukly ulanmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ýaly ugurlarda işgärleri taýýarlamagy;

5. Obasenagat ulgamy: oba hojalyk işewürligi, durnukly oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýalary boýunça maksatnamalary öz içine alýar. 

AC Language mekdebi, şeýle hem uçurymlara güwänamaly hünärmenler derejesini almaga mümkinçilik berjek hem-de ählumumy zähmet bazarynda olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrjak halkara güwälendiriş ulgamyny ornaşdyrmagy teklip etdi. 

AC Language mekdebi tarapynda teklip edilen aýratynlykdaky bilim maksatnamalary Türkmenistanda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we ýurduň içinde hem-de onuň çäklerinden daşarda isleg bildirilýän ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga köp babatda ýardam eder.