Türkmenistanda innowasion işewürlik taslamalaryny döretmäge, öz işewürlik maksatlaryny ösdürmek we iş ýüzünde amala aşyrmak ugrunda bilimlerini hem-de başarnyklaryny artdyrmaga gyzyklanýan ýaşlar üçin «Startap-ekoulgam 2024-2025» milli maksatnamasyna gatnaşjaklar saýlanyp alynýar.
Maksatnama gatnaşmaga Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 16 ýaşdan 35 ýaşa çenli ýaş adamlar, ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.
Startaplaryň ekoulgamy startaplary gülledip ösdürmek üçin ulgamy döretmek maksady bilen birleşen telekeçiler, maýadarlar, döwlet edaralary, bilim edaralary, hususy kompaniýalar bilen birlikde gyzyklanma bildirýän taraplar, serişdeler we gurallar görnüşindedir.
2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň iýunyna çenli tejribeli tälimçiler hem-de bilermenler gatnaşyjylar üçin tematiki ugurlara degişli ýörite taýýarlyk geçerler. Taýýarlygyň jemleýji tapgyrlarynda iň oňat startaplary goldamak üçin ýerli we daşary ýurtly maýadarlar çekiler. Maksatnama türkmen we rus dillerinde geçer.
Maksatnama Türkmenistanda startap-hereketini we ýaşlaryň innowasion telekeçiligini ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem «Startap-ekoulgam» gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň giň topary üçin hususy işewürligiň milli bazaryny giňeltmek maksadyndadyr.
Maksatnama gatnaşmak isleýänler şu ýylyň 20-nji oktýabryna çenli salgy boýunça anketany dolduryp, haýyşnamany ibermelidirler.
Gatnaşmak isleýäniň maksatnama goşulýandygy baradaky çözgüt söhbetdeşligiň netijeleri boýunça ýörite topar tarapyndan kabul ediler. Gatnaşmak isleýänleriň öňünden işlenilip taýýarlanylan öz işewürlik pikiriniň bolmagy goldanylýar.
Goşmaça maglumatlary +99371400259 telefon belgisinden we ja.turkmenistan@gmail.com elektron salgysy boýunça alyp bolar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de «Türkmenistanyň ykdysadyýetçiler birleşmesi» milli jemgyýetçilik birleşigi maksatnamanyň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Maksatnamanyň hyzmatdaşlary: «Türkmenistanyň ýaşlarynyň gazananlary» milli jemgyýetçilik birleşigi, «Startap merkezi» biznes-inkubatorlar, «Maslahatly çözgüt» HJ we «Eksport konsalting» HJ.
«Startap-ekoulgam» maksatnamasy ýurdumyzda 2020-nji ýyldan bäri geçirilýär. Onuň kömegi bilen işewürlik-inkubasiýasy hem-de startaplaryň tiz ösdürilmegi babatda hyzmatlaryň bazary işjeň ösýär. Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan ýaşlaryň 530-dan gowuragy öz startaplaryny döretdiler we häzirki wagtda olaryň köpüsi üstünlikli işläp, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda özleriniň işewürlik strategiýalaryny öňe ilerledýärler.