Ï Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

view-icon 1452

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň berjaý edilmeginde, durmuş çygryny, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş edaralarynyň işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermekde, hemaýata mätäç çagalara hem-de ýaşlara maliýe we maddy kömegini guramak, maslahatlary, usuly taýdan kömek bermek işine uly goşant goşandygyny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik (kümüş) nyşany bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň eks-Prezidentiniň iş dolandyryjysy Ýusupguly Aýlyýewiç Orazowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň buhgalteriýasynyň baş hasapçysy Ýelena Aleksandrowna Çernowany,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň müdiriniň orunbasary Maýagözel Sapardurdyýewna Hojamberdiýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ýusup Hojadurdyýewiç Işangulyýewi,

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory Maýa Hommadowna Öküzowany,

Mary welaýatynyň Gurbanguly hajy dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradowy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.