Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine Round University Ranking (RUR) girdi.
RUR World University Rankings görkezijisine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň altysy: Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty girdi.
RUR Subject Rankings görkezijisinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisi: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty görkezildi.
RUR World University Rankings (Dünýä uniwersitetleriniň görkezijisi) mugallymçylyk, ylmy barlaglar, halkara hyzmatdaşlygy, maliýe durnuklylygy ýaly esasy 4 ugura jemlenen 20 görkeziji esasynda dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň işine baha berýär.
RUR Subject Rankings (Dersleriň görkezijisi) ynsanperwer ylymlar, durmuş ylymlary, lukmançylyk ylymlary, tebigy ylymlar, tehniki ylymlar, jemgyýetçilik ylymlary ýaly dersleriň esasy 6 ugry boýunça baha berýär. Uniwersitetler edil RUR World University Rankings görkezijisinde bolşy ýaly 20 görkeziji we uniwersitetleriň işiniň esasy 4 ugry boýunça kesgitlenilýär.
Round University Ranking (RUR) esasy 5 görkezijisini öz içine alýan dünýä uniwersitetlerine toplumlaýyn baha berýän ulgamdyr. RUR görkezijisine 85 ýurtdan 1200-den gowrak öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri girýär. RUR üçin deslapky (talyplaryň sany, mugallymlar düzümi we ş.m.) maglumatlary Thomson Reuters halkara mediakompaniýasy Global Institusional Profiles Taslamasy (GIPP) atly ýörite ýyllyk barlag arkaly üpjün edilýär. RUR görkezijisi 2010-njy ýyldan bäri geçirilip, ol dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň ähli möhüm ugurlardaky işini görkezýär.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri işiniň netijeliligini we üstünlikligini görkezýän meşhur dünýä görkezijisine gatnaşyjylar hökmünde öz işjeňligini görkezýärler, mümkinçiliklerini yzygiderli ösdürmäge we artdyrmaga islegi, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulmak üçin milli bilimiň wajyp meseleleriniň birini çözmäge ýardam edýär.