Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine öz goşandymyzy goşmaga taýýardyrys
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine öz goşandymyzy goşmaga taýýardyrys

view-icon 3791

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralara hem-de beýleki möhüm wakalara beslendi. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

7-8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, şu ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýändigini belledi. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz halkara giňişlikde BMG-niň tutýan ornuny has-da berkitmegiň, bu işde gurama agza döwletlere goldaw bermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen Kararnama laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geljek ýylda çäreleriň geçirilmegini bilelikdäki işiň möhüm bölegi diýip hasaplaýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, dünýäniň dürli künjeklerinde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe esasy wezipäniň GDA halklary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň we umumy gymmatlyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak däplerini gorap saklamakdan ybaratdygy nygtaldy.

Sammitiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda 2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüt bar. Geljek ýyl guramada Täjigistan Respublikasy başlyklyk eder. Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bolsa bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer.

10-njy oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, maşyn gurluşygy, himiýa we dokma senagaty pudaklarynda hem-de beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerine hem aýratyn üns çekildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan ýene bir ugur boldy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna, şol sanda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada resmi saparynyň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşykdan başlanandygyny bellemek gerek. Onda dürli ugurlarda, şol sanda abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti Aşgabat şäherindäki «Laçyn» seýilgähinde bina edilen meşhur gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Dostlukly ýurduň Baştutanynyň saparyna gabatlanyp, Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirildi.

11-nji oktýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum geçirildi. Ol beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda guralan köp sanly dabaraly çäreleri öz içine aldy. Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.

Ýokary derejeli foruma Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Şeýle-de myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, tanymal alymlar, medeniýet işgärleri, diplomatlar bar.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda türkmen halkynyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada aýdyp, Magtymguly Pyragynyň öz garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda hemişelik orun alandygyny belledi. Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Forumda şahyryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmegiň, halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanlary bilen, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin maslahata gatnaşan daşary ýurt Liderleri Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Şeýle hormata Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem mynasyp boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşlikde dostlukly ýurduň Baştutanyna bu şanly waka mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Şeýle hem söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, halklarymyzyň dil, medeniýet, ruhy taýdan umumylygynyň onuň yzygiderli ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiziň Ermenistan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza Magtymgulynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berdi. Şol günüň ertesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly myhmanlary “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmaklary bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdy. Prezident Şawkat Mirziýoýew dostlugyň we aýratyn hormatyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyza özbek diline terjime edilen “Magtymguly” atly kitaby sowgat berdi. Milli Liderimiz ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen hem duşuşdy.

12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça milli bähbitleri we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini nazara almak bilen, köpugurly döwletara dialogy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi.

Şeýle-de paýtagtymyzda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Ol ýurtlarymyzyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, söwda, ykdysadyýet, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirildi.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmak, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, binalaryň bezeg aýratynlyklary baradaky hasabaty diňledi hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň çäklerinde bu ulgamyň täze ugurdaş binalarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda birnäçe binalaryň — diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde-de iri lukmançylyk merkezleri bolan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Täze merkezlere gowşurylan degişli güwänamalar olaryň öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyşynyň we dünýä ölçeglerine laýyk gelýändiginiň ykrarnamasydyr. Mundan başga-da, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Täze lukmançylyk desgalarynyň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ulag serişdeleri sowgat berildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanyp, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerdäki durky täzelenen köçä saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy üçin “Arkadag” medaly bilen sylaglanan belli germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda tapawutlanan işgärleri, şol sanda saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine, meýletinçilik hereketine uly goşant goşan daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak dabarasy boldy.

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz gutlag sözünde Wena balynyň Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm wakalaryň biridigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda onuň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly goşandyny belledi we medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Geçen hepdede Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Munuň özi türkmen halkynyň behişdi bedewleriň şan-şöhratyny belende götermekde asyrlaryň dowamynda emele getiren gymmatlyklarynyň häzirki döwürde bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şeýlelikde, geçen hepde möhüm wakalara beslenip, Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymlary dabaralanýan, asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan baý medeni mirasyny we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklan berkarar türkmen döwleti baradaky arzuwlarynyň häzirki döwürde hasyl bolandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň mizemez binýadyny emele getirýän parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri bolsa umumadamzat gymmatlyklary hökmünde medeniýetleriň özara baýlaşmagy, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, köpugurly hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi üçin ygtybarly köpri bolup hyzmat edýär.