Ï Türkmen döwlet maliýe instituty manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli «Ykdysadyýet» boýunça VI internet bäsleşigini geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet maliýe instituty manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli «Ykdysadyýet» boýunça VI internet bäsleşigini geçirer

view-icon 338
Türkmen döwlet maliýe instituty manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli «Ykdysadyýet» boýunça VI internet bäsleşigini geçirer

Türkmenistanyň milli pul birliginiň – manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet maliýe instituty «Ykdysadyýet» boýunça VI internet bäsleşigini geçirer.

Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýarlar. Her ýokary okuw mekdepden dört talyp gatnaşyp biler. 

Bäsleşik onlaýn görnüşde 25-nji oktýabrda geçiriler. Bäsleşigiň dowamynda talyplar test-sowallaryň 55-sine jogap bermeli bolarlar. Sowallar ykdysadyýetiň maliýe hasaba alynyşy, dolandyrylyş hasaba alynyşy, makroykdysadyýet, sanly ykdysadyýet ýaly bölümlerini öz içine alýar. Her dogry jogap 2 ball hasaplanylýar. Degişlilikde, 100 ball – mümkin bolan iň ýokary netije bolar. Bäsleşigiň netijeleri şahsy we toparlaýyn hasaplar boýunça jemleniler. 

Bäsleşigiň ýeňijileri hem-de baýrak eýeleri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. 

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler institutyň saýtynda görkezilen nusga boýunça talyplar hem-de ýolbaşçy barada maglumatlary beýan etmelidirler we info@tdmai.edu.tm elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna ugratmalydyrlar. Gatnaşjaklary hasaba almaklyk 22-nji oktýabra çenli dowam eder. 

Bäsleşigiň geçirilmegi talyplaryň derse bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, nazary bilimlerini çuňlaşdyrmaga we amaly başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.