Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti iki sany iri halkara wakalaryň – himiýa boýunça III halkara olimpiadanyň hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilýän ýerine öwrüler.
27-nji noýabrda utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat geçirilip, ol Türkmenistanyň we dünýäniň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekillerini, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Himiýa institutynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň we guramalarynyň alymlaryny, barlaglary alyp baryjylaryny, hünärmenlerini bir ýere jemlär.
Maslahat umumy plenar mejlisi hem-de himiýa dersini okatmagyň häzirki zaman usullary we olary kämilleşdirmegiň ýollary, şeýle-de täze «Himiki tehnologiýalary döretmegiň meseleleri we geljegi» diýen ugurlar boýunça iki sany bölümçe mejlislerini özünde jemlär.
Gatnaşjaklary hasaba almak 15-nji noýabra çenli dowam eder. Gatnaşmak isleýänler tsu.international.conference@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna çykyşlarynyň we synlarynyň gysgaça mazmunyny ugratmalydyrlar. Olary beýan etmegiň düzgüni hem-de beýleki goşmaça maglumatlar ýokary okuw mekdebiň resmi saýtynda, «Halkara maslahat» bölüminde ýerleşdirilendir.
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça III halkara olimpiada 25–30-njy noýabr aralygynda göni gatnaşmak arkaly geçiriler.
Olimpiada talyplaryň aýratynlykda we topar bolup gatnaşmaklary görnüşleri boýunça geçirilýär. Aýratynlykdaky tapgyr gatnaşyjylary «A» we «B» – iki topara böler (himiýa dersi boýunça ýöriteleşýän talyplar we taýýarlygyň beýleki ugurlarynyň talyplary) hem-de iki tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyrda «A» toparyň talyplary üçin organiki däl we fiziki himiýa boýunça, ikinji tapgyrda bolsa organiki we seljerme himiýasy boýunça ýumuşlar teklip ediler.
«B» toparyň ýaşlary üçin birinji tapgyr test görnüşinde geçer, ikinji tapgyr himiýa boýunça ýazuw meselelerini özünde jemleýär.
Her toparda bir ýokary okuw mekdepden gatnaşýanlaryň sany dört talypdan (bakalawr we hünär boýunça) hem-de bir ýolbaşçydan (4+1 format) geçmeli däldir.
Gatnaşyjy her ýokary okuw mekdep olimpiadanyň ýumuşlary hökmünde üç ýumuşa çenli hödürläp biler. Ýumuşlar beýan edilen çözülişi bilen olimptsu@gmail.com elektron salgy boýunça 10-njy noýabra çenli kabul edilýär.
Olimpiadanyň ýeňijilerine diplomlar we medallar gowşurylar.
Olimpiadada çykyş etmek isleýänler toparyň düzümini görkezmek bilen ýokary okuw mekdebinden resmi haty, şeýle hem doldurylmagy talap edilýän beýanaty we şahsy kagyzy olimptsu@gmail.com elektron salgy boýunça 31-nji oktýabra çenli ibermelidirler. Olaryň nusgalary hem-de olimpiada baradaky doly maglumatlar Magtymguly adyndaky TDU-nyň saýtynda, «Olimpiada-2024» diýen bölümde elýeterlidir.