Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda işleýän «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkezinde okuwyň üçünji tapgyry tamamlandy.
Täze uçurymlar diplomatik sowatlylyk ugrundan başarnyklaryny tassyklaýan ýörite şahadatnama aldylar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň dünýä derejesindäki diplomatik gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilen strategiki başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir.
Okuw döwründe hünärmenler diplomatik protokolyň we etiketiň esaslaryny özleşdirýärler, şeýle hem halkara gatnaşyklary pudagynda netijeli söhbetde we özara gatnaşyklarda zerur amaly endikleri ele alýarlar.
Maksatnamanyň üçünji tapgyry 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda başlandy. Merkeze gatnaşanlar iki aýyň dowamynda daşary ýurt wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, milli diplomatik gullugyň ýokary wezipeli işgärleriniň we halypa diplomatlaryň geçiren sapaklaryna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.
Diplomatiýa işiniň inçe syrlaryny gowy bilmegi Merkeziň uçurymlaryna dürli halkara forumlarda ýurdumyzyň bähbitlerini has netijeli görkezmäge mümkinçilik berer, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine kömek eder.
Diplomatiýa pudagynda ýaş we ökde hünärli işgärleri taýýarlamak halkara gepleşiklere innowasion çemeleşmeleriň kemala gelmegine ýardam edýär, bu bolsa Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlara we taslamalara işjeň gatnaşmagyna, onuň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hem-de beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga mümkinçilik döredýär.