Ï TYA-nyň Halkara ylmy – tehnologiýa parkynda başlangyç okuwlar ýola goýuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TYA-nyň Halkara ylmy – tehnologiýa parkynda başlangyç okuwlar ýola goýuldy

view-icon 1178
TYA-nyň Halkara ylmy – tehnologiýa parkynda başlangyç okuwlar ýola goýuldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy-tehniki we innowasiýa telekeçiligi bilen gyzyklanýan ýaşlar üçin okuw başlandy.

Täze taslama ýaşlaryň okamagy, zähmet çekmegi we döredijilikli işler bilen meşgullanmagy üçin ýurtda döredilen giň mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, olaryň ykdysadyýetiň innowasion öňe gidişligine we ýurduň umumy ösüşine goşantlaryny artdyrmaga gönükdirilendir. Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda okuwyň ýola goýulmagy ýaşlara ylmy önümçilik we onuň barlaghanalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen gönüden-göni tanyşmaga, öz başlangyç taslamalaryny döredenlerinde, iň täze enjamlaryndan we tejribeli alymlaryň maslahatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Okuwyň has netijeli bolmagy üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler bileleşigi we bu ugurda saldamly tejribesi bolan «Netijelilik» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda ylalaşyk gazanyldy. Okuwa, esasan, talyp ýaşlar gatnaşýar, şonuň üçin-de bilim maksatnamasy olaryň okuwdan, köpçülik işlerinden we gyzyklanýan ugurlaryndan boş wagtlary göz öňünde tutulyp düzülipdir.

Okuwyň esasy ugurlary we mowzuklary: iş inkubatory, başlangyç okuwlaryny guramak, olaryň taslamalaryny öňe sürmek we önümçilige girizmek, innowasiýa telekeçiligini, umuman, jemgyýetde, esasanam, işewür we ylmy toparlarda wagyz etmek, öňdebaryjy tejribäni ýaýratmak, hatarly maýa goýum işleriniň ösüşine goldaw bermek, innowasiýa we sanly tehnologiýalary girizmek, innowasiýa meseleleri boýunça ylmy we amaly konferensiýalary, forumlary we maslahatlary guramak we olara bilelikde gatnaşmak.

Ýola goýulýan okuwlary ösdürmek we baýlaşdyrmak, önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak üçin geljekde ösen ýurtlaryň tejribesini öwrenmek meýilleşdirilýär.