Ï Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we maslahat geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we maslahat geçirer

view-icon 3524
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we maslahat geçirer

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Maliýe dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiada hem-de «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirer. 

Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Maliýe dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiada 15-nji noýabrda geçiriler. Olimpiada talyplaryň arasynda özbaşdak bäsleşik görnüşinde geçirilip, olara okaýan hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdepden dört talyp gatnaşyp biler. Olimpiadanyň ýeňijileri toplanylan utuklaryň netijeleri boýunça kesgitleniler.

Gatnaşjaklary hasaba almak 1-nji noýabra çenli açyk. Guramaçylar bilen habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 48 62 73, +993 62 03 59 90, elektron salgy: tsiem.olymp@gmail.comabdykerim.muhanov@mail.ru

29-njy noýabrda türkmen ýokary okuw mekdebi sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirer. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri çagyrylýarlar. 

Ylmy-amaly maslahat 4 bölüm boýunça geçiriler: 

I. Ykdysadyýeti durnukly ösdürmegiň geljekki ugurlary.

II. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maliýe mehanizminiň orny.

III. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde marketingiň we menejmentiň orny.

IV. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde guramalaryň hasap- seljerme üpjünçiligi. 

Maslahatyň işine gatnaşmaga isleg bildirýänler 15-nji noýabra çenli tsiem.conference@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna tezisleri, synlary we çykyşlaryny ibermelidirler. 

Olimpiada we maslahat türkmen, iňlis we rus dillerinde geçiriler. Çäre bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň saýtynda ýerleşdirilendir. 

Guramaçylar geçiriljek halkara wakalaryň özara bähbitli ylmy bilimleri we iş tejribelerini alyşmak, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, dünýäniň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri hem-de ylmy merkezleri bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin peýdaly çärelere öwrüljekdigine ynam bildirýärler.