Ï Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

view-icon 4147
Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

29-njy oktýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň bilim ministriniň orunbasary Andreý Korneýew hem-de RF-niň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý Türkmenistanyň Bilim ministrliginde boldular.

Konstantin Mogilewskiniň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri bilen bolan duşuşygynyň dowamynda bilelikdäki uniwersiteti döretmek boýunça başlangyç bilen birlikde birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu uniwersitetiň taslamasy halkara ölçeglerine laýyklykda hünärmenleri taýýarlamaga, ileri tutulýan ugurlarda öňdebaryjy tejribeleri we bilimleri alyşmaga gönükdirilendir.

Taraplar Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň biliminiň hiliniň üpjün edilişi bardaky meselelere garadylar. Şunda bilim işlerine gözegçilik etmegiň bilelikdäki gurallarynyň, şeýle hem baha bermäge we attestasiýa geçirmäge öňdebaryjy ölçegleri hem-de çemeleşmeleri ornaşdyrmak maksady bilen, Russiýanyň guramalary bilen hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy.

Wekiliýetler «Ileri tutulýan ugurlar-2030», «Öňdebaryjy inženerçilik mekdepler» hem-de «Ylym we uniwersitetler» ýaly başlangyçlar bilen birlikde ýokary bilim ulgamynda rus maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Tanyşdyryş saparlary hem-de bilim maksatly okuw maslahatlaryny geçirmek üçin ugurlar kesgitlenildi. Şolar türkmen hünärmenlerine rus tejribesini öwrenmäge we üstünlikli iş tejribelerini öz milli zerurlyklaryna uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Duşuşygy tamamlap, taraplar uzak möhletleýin hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar we täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Andreý Korneýewiň Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew bilen bolan duşuşygynyň çäklerinde ykdysadyýetiň möhüm ugurlary üçin işgärleri tizleşdirilen usulda taýýarlamaga gönükdirilen «Professionalitet» diýen rus maksatnama boýunça tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy rus çemeleşmelerini, şeýle hem iş berijiler bilen ýakynlaşmak arkaly okatmagyň möhletlerini netijeli azaltmaga gönükdirilen usullary öwrenmäge gyzyklanma bildirdi. Rus tarapy hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýetini hem-de ýörelgelerini goşmak bilen birlikde maksatnamanyň ugurlaryny iş ýüzünde öwrenmek üçin türkmen hünärmenlerine tanyşdyryş saparlaryny guramagy teklip etdi.

Pedagogik we akademik ölçeglere, hususan-da, bitewi synaglary we bitewi jemleýji hünär synaglaryny geçirmegiň rus amalyýeti boýunça tejribe alyşmaga degişli meselelere aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar akademik taýdan ykjamlylygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, rus ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplary üçin orunlary artdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Bu bolsa iki dostlukly ýurduň medeni we bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşant bolar.