Ï Filosofiýa we ykdysadyýet boýunça halkara olimpiadalary geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Filosofiýa we ykdysadyýet boýunça halkara olimpiadalary geçiriler

view-icon 3604
Filosofiýa we ykdysadyýet boýunça halkara olimpiadalary geçiriler

Noýabr aýynyň ikinji ýarymynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti filosofiýa hem-de ykdysadyýet boýunça I halkara olimpiadany geçirer. 

Olimpiadalara gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy. Olimpiadalar onlaýn arkaly aýratynlykdaky ýaryşlar görnüşinde bir tapgyrda geçiriler. Bäsleşikleriň dili – türkmen, rus we iňlis dilleri.

Filosofiýa boýunça olimpiada 18-20-nji noýabr aralygynda geçiriler. Bäsleşige gatnaşyjylar iki topara: «A» (islendik hünär boýunça okaýan talyplar) we «B» (filosofiýany we jemgyýetçilik ylymlaryny öwrenmeýän talyplar) toparlara bölünerler. 

Ykdysadyýet boýunça olimpiada 21-23-nji noýabr aralygynda geçiriler. Oňa gatnaşyjylar hem edil şonuň ýaly iki: «A» (taýýarlygyň islendik ugurlarynyň talyplary) we «B» (ykdysadyýet, maliýe, menejment we ekonometrika boýunça ýöriteleşmeýän talyplar) toparlara bölünerler.

Toparlaryň ikisinde-de ýokary okuw mekdeplerden gatnaşjak bäsleşijileriň sany çäklendirilmeýär.

Olimpiadalarda çykyş etmek isleýänleriň hasaba alnyşy HYYweÖU-nyň saýtynda 14-nji noýabra çenli hem-de (ykdysadyýet boýunça olimpiada degişli ugur) 15-nji noýabra çenli açykdyr. 

Gatnaşyjy ýokary okuw mekdepler 20 sany test sowallaryny we 5 sany ýumuşlary olimpiadanyň meseleleri hökmünde teklip edip bilerler. Takyk çözgüdi goşulan ýumuşlar olimpiadanyň geçirilýän senesine çenli 20 gün öňünden guramaçylyk toparyna iberilmelidir.

Goşmaça maglumatlary +993 12 39 85 50, +993 65 80 99 06 telefon belgilerinde we iuhdolympiads@gmail.com elektron salgysyndan alyp bolar. 

Halkara olimpiadalar ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ösdürmek we goldamak, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemek, olary ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaga, hünäre ugrukmaklaryna höweslendirmek hem-de olaryň intellektual taýdan ösmegi üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär. 

Guramaçylar geçiriljek olimpiadalaryň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine, şeýle hem ylmy bilimler we iş tejribeleri bilen özara bähbitli alyşmalar üçin mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirýärler.