Ï Türkmen wekiliýeti Lionda halkara okuw maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Lionda halkara okuw maslahatyna gatnaşdy

view-icon 2236
Türkmen wekiliýeti Lionda halkara okuw maslahatyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti «Resmi däl bilimi we özbaşdak öwrenilen hünär endiklerini ykrar etmek ulgamyny kämilleşdirmek» diýen tema boýunça halkara okuw maslahatyna gatnaşdy.

Bu çäre Ýewropa Bilim Gaznasy (ÝBG) we Fransiýanyň AFPA agentligi tarapyndan guraldy hem-de Fransiýanyň Lion şäherinde 5-7-nji noýabry aralygynda geçirildi. 

Okuw maslahatynyň esasy maksady gatnaşyjy ýurtlary Fransiýanyň VAE (Validation des Acquis de l'Expérience) – «Tejribäniň ykrar edilmegi» ulgamy bilen tanyşdyrmakdan hem-de milli ulgamlarda bu ugurda täze özgertmeleri ornaşdyrmaga itergi bermekden ybaratdyr. 

Okuw maslahatyna Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şeýle hem Balkan we Gündogar Ortaýer deňzi ýurtlaryndan wekiller gatnaşdylar. Çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň çäklerinde resmi däl bilimi ykrar etmek babatda fransuz hünärmenleriniň usulyýeti we tejribeleri bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjy ýurtlar bu ugurlar boýunça bilimlerini, tejribelerini hem-de netijeli işlerini alyşmaga mümkinçilik aldylar. 

Türkmenistanda häzirki wagtda resmi däl bilimiň ykrar edilmegini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenistanda hünär derejelerini bahalandyrmak we ykrar etmek üçin ýol kartasy, Milli hünär derejeler çarçuwasy işlenilip taýýarlanyldy hem-de degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleriň girizilmegi boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Bilim hem-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk güýçlendirilýär. 

Türkmenistanda şeýle okuw maslahatyna uly ähmiýet berilýär, çünki halkara derejesinde alnan bilim we tejribeleriň alşylmagy ýurdumyzda täze çemeleşmelere ýol açýar. Türkmen wekiliýetiniň okuw maslahatyna gatnaşmagy resmi däl bilimi, Türkmenistanda hünär-tehniki okuwlary ykrar etmek ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda möhüm ädim boldy. 

Halkara wakasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Fransiýanyň milli mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar, munuň özi okuw maslahatynyň medeni maksatnamasynyň bir bölegine girdi.