Ï Türkmen talyplary Polşada geçirilen matematika dersi boýunça halkara olimpiadada 30 medal eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Polşada geçirilen matematika dersi boýunça halkara olimpiadada 30 medal eýelediler

view-icon 1976
Türkmen talyplary Polşada geçirilen matematika dersi boýunça halkara olimpiadada 30 medal eýelediler

Türkmen talyplary matematika dersi boýunça talyplaryň arasynda geçirilen halkara olimpiadasynda (International Student Team Competition in Mathematics (ISTCiM)) dürli gymmatlykdaky medallaryň 30-syny eýelediler. Halkara olimpiada Katowise şäherindäki Silezsk uniwersiteti hem-de Polşanyň matematika jemgyýetçiliginiň Werhnesilezsk bölümi tarapyndan guralyp, 8-10-njy noýabry aralygynda geçirildi.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň talyplary şahsy bäsleşikde 6 altyn, 9 kümüş, 11 bürünç, jemi 26 medal gazandylar.

3 altyn medal Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gazananlarynyň üstüni ýetirdi, 2 altyn medaly Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem-de ýene-de 1 altyn medaly Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby gazandylar.

9 kümüş we 11 bürünç medallara görkezilen ýokary okuw mekdepleriň, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary mynasyp boldular.

Olimpiadanyň toparlaýyn bäsleşiklerinde türkmen talyplary medallaryň ýene-de 4-sini – 1 kümüş we 3 bürünç medallary gazandylar.

Polşadaky olimpiadada biziň baýrakly orunlary eýelän talyplarymyzy sylaglamak dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.

Matematika dersi boýunça talyplaryň toparlaýyn halkara olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-synyň talyplary gatnaşdylar. Umuman abraýly matematika gözden geçirilişiniň çäklerinde 9 ýurtdan, şol sanda Angliýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň, Polşanyň, Slowakiýanyň, Sloweniýanyň, Wengriýanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 35-sinden talyplaryň 160-a golaýy çykyş etdiler.

Bäsleşik dünýäniň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň isleg bildirýän hemme talyp ýaşlarynyň wekilleri üçin açyk boldy. Ol matematika aýratyn gyzyklanma bildirýän bakalawryň, magistraturanyň, aspiranturanyň talyplaryny jemledi. Aýratynlykdaky bölekde oňa gatnaşyjylara matematika seljerme (topologiýaly we köplükleriň nazaryýeti bilen), degişli deňlemeler (differensial deňlemeler bilen birlikde), algebra we kombinatorika, geometriýa we çyzykly algebra, ähtimallyklaryň nazaryýeti ýaly ugurlar boýunça bäş ýumuş berildi. Toparlaýyn bölek on ýumuşdan ybarat boldy.

Olimpiada matematika hakyky gyzyklanmany goldamak, matematika taýdan zehinli talyplaryň ählisiniň ösmegini höweslendirmek, gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, özara gatnaşyk etmek başarnyklaryny kemala getirmäge hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermek maksady bilen geçirildi.