Ï Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti we «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti we «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

view-icon 2268
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti we «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Resminama gol çekmek dabarasy bu ýokary okuw mekdepde geçirilen «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde geçirildi. 

Gol çekilen Ähtnamanyň esasynda nebit we gaz, geologiýa barlaglar, himiýa tehnologiýalar, sanly ykdysadyýet, şeýle hem täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeler, «ýaşyl» ykdysadyýet ulgamlarynda, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ekologiýa meselelerini çözmek babatda bilelikdäki barlaglary we taslama işlerini giňeltmek hem-de ösdürmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň we ýaş alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijelerini halkara indekslenýän ylmy žurnallarda bilelikde neşir etmek meýilleşdirilýär. 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk birnäçe ýyllaryň dowamynda üstünlikli alnyp barylýar.

«Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň professorlary we mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin nebitgaz pudagynyň desgalaryna innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça onlaýn okuwlary, okuw maslahatlary yzygiderli guraýarlar. Häzirki wagtda Tehnologik uniwersitetiň professorlarynyň dördüsi türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary üçin dürli temalar boýunça bir hepdelik umumy okuw maslahatlaryny geçirýärler.