Ï Merkezi Aziýada «ýaşyl» energetikany ösdürmek meseleleri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen halkara forumda ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýada «ýaşyl» energetikany ösdürmek meseleleri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen halkara forumda ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1949
Merkezi Aziýada «ýaşyl» energetikany ösdürmek meseleleri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen halkara forumda ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldamagynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda «Merkezi Aziýada «ýaşyl» energetikany ösdürmek: mümkinçilikler we meseleler» atly halkara sebitleýin maslahaty geçirdi.

14-15-nji noýabry aralygynda garyşyk görnüşde geçirilen halkara foruma Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri, şeýle hem Germaniýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan halkara bilermenler we hünärmenler gatnaşdylar.

Maslahatda «Ýaşyl» energetikany ösdürmekde sebitleýin öňdebaryjy tejribe», «Ýaşyl» energiýany öndürmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: mümkinçilikler we meseleler», «Ýaşyl» wodorod – geljegiň ýangyjy», «Howanyň üýtgemegi we «ýaşyl» energetika», «Wodorodyň ekologiýa we daşky gurşawa täsiri», «Ýaşyl» energetika: gün ýylylyk ulgamlary», «Gün energetikasynyň «ýaşyl» resurs potensiallary» we beýleki temalardan birnäçe ylmy çykyşlar diňlenildi.

Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň esasy binasynyň eýwanynda ýaş alymlar geňeşiniň agzalary – energetika institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň geçiren ylmy işleriniň sergisi guraldy.

Halkara sebitleýin maslahaty institutyň mugallymlarynyň, ýaş alymlarynyň, ylmy işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, «ýaşyl» energetikany ösdürmek boýunça dünýä tejribesini öwrenmek, bu ugurda meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ulgamynda kabul edilen Konsepsiýalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň we ÝHHG-niň 2024-nji ýyldaky bilelikdäki işleriniň ylalaşylan meýilnamalarynyň çäklerinde geçirildi.