Ï Rus we iňlis dilleri boýunça türkmen mugallymlary hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rus we iňlis dilleri boýunça türkmen mugallymlary hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler

view-icon 2076
Rus we iňlis dilleri boýunça türkmen mugallymlary hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde ýurdumyzyň mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçirdi.

Bu çäre 4–16-njy noýabry aralygynda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň orta we ýokary okuw mekdepleriniň rus hem-de iňlis dilleri mugallymlary üçin institutyň Hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde garyşyk görnüşde guraldy.

Okuw maksatnamasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň tejribeli mugallymlarynyň we duşuşyklara sanly ulgam arkaly gatnaşan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda geçirilen ylmy-usulyýet maslahatlary, leksiýalary, türkmen mugallymlary üçin sapaklary bar. Okuwyň dowamynda esasy üns bilim ulgamynyň häzirki zaman ösüşine we mugallymlaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaga berildi.

Sanly ulgam arkaly usulyýet sapaklarda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.I.Usmanowa «leksikany öwretmegiň usullary» atly temasyndan we şu uniwersitetiň Dilleriň degşirmesini öwreniş kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty M.L.Gordiýewskaýa «Rus dilini ikinji daşary ýurt dili hökmünde» atly temasyndan sapak berdiler.

Çäräniň dowamynda Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň Dil testirleme merkeziniň usulyýetçisi I.Yu.Iliçewa «Testleriň üsti bilen rus dilini ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwretmegiň wajyplylygy» atly temadan sapak berdi.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory L.W.Seleznýowa türkmen kärdeşleri üçin «Diskursologiýanyň derwaýys meselelerini» beýan etdi.

Türkmen mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwyň dowamynda Wýetnamyň ykdysadyýet we maliýe uniwersitetiniň professory, doktor Jon Beýker «Sapagy giňişleýin dolandyrmak» temasyndan sapak geçirdi, Ýaponiýanyň Notre Dame Seishin uniwersitetiniň professory doktor Rob Waring «Sapakdan daşary okuw» temasyndan çykyş etdi.

Hünär ýokarlandyryş okuwy rus we iňlis dili mugallymlaryna daşary ýurt dillerini netijeli okatmagyň usulyýet aýratynlyklary, häzirki zaman usullary we innowasiýa tehnologiýalary barada täze bilim almaga mümkinçilik berdi.

Bu okuw, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň öňünde goýan hünärini ýokarlandyrmak we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi.