I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy we 162-nji maddalar; 2017 ý., № 1, 12-nji we 30-njy maddalar, № 2, 74-nji madda, № 3, 105-nji madda, № 4, 147-nji we 167-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 90-njy we 106-njy maddalar; 2019 ý., № 1, 7-nji madda, № 4, 65-nji we 90-njy maddalar; 2020 ý., № 3, 37-nji madda; 2021 ý., № 1, 13-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; № 4, 147-nji madda; 2022 ý., № 2, 26-njy madda, № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda, № 3, 73-nji madda, № 4, 92-nji madda) şu goşmaçany we üýtgetmäni girizmeli:
299-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«2991-njy madda. Adamlaryň pensiýa we pensiýalara goşulýan goşmaça töleglere bolan hukuklarynyň hem-de olaryň möçberleriniň kesgitlenilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen resminamalary we maglumatlary bermek möhletiniň bozulmagy ýa-da bu maglumatlaryň nädogry berilmegi
1. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralaryna adamlaryň pensiýa we pensiýalara goşulýan goşmaça töleglere bolan hukuklarynyň hem-de olaryň möçberleriniň kesgitlenilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen resminamalaryň we maglumatlaryň iş berijiler we arhiw edaralary tarapyndan bermek möhletiniň bozulmagy, -
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.
3. Iş berijiler we arhiw edaralary tarapyndan adamlaryň pensiýa we pensiýalara goşulýan goşmaça töleglere bolan hukugyny hem-de olaryň möçberini kesgitlemek üçin resminamalaryň we maglumatlaryň nädogry berilmegi, -
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.
4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;
480-nji maddanyň birinji böleginde «297-299» diýen sanlary «297-2991» diýen sanlara çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.