Ï «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 1193

I. 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 32-nji madda; 2021 ý., № 1, 24-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1-nji maddanyň ikinji böleginde «teswirnama,» diýen sözden soň «ähtnama,» diýen sözi goşmaly;

5-nji maddanyň dördünji böleginiň birinji tesiminde «baglaşmak» diýen sözden soň «we olara goşulmak» diýen sözleri goşmaly;

7-nji maddada:

ikinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Gol çekýänleriň derejesinde deňligi saklamak üçin Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň beýleki resmi adamlaryna Türkmenistanyň halkara şertnamalary boýunça gepleşikleri geçirmek we gol çekmek ygtyýarlyklary berlip bilner.»;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«4. Şu maddanyň ikinji böleginiň soňky tesiminde göz öňünde tutulan Türkmenistanyň halkara şertnamalary boýunça gepleşikleri geçirmek we gol çekmek ygtyýarlyklarynyň berilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy esasynda resmileşdirilýär ýa-da bellenen tertipde ylalaşylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.