Ï Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 771

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:

1. 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 48-nji madda; 2017 ý., № 3, 108-nji madda; 2019 ý., № 4, 71-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda) 12-nji maddasynyň ikinji böleginiň 5-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«51) Adalatçy we onuň orunbasary;».

2. 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 157-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 151-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda):

1) 1-nji maddanyň birinji böleginde:

«adamlary» diýen sözden soň «, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalar, edaralar, guramalar we beýleki şahslar» diýen sözleri goşmaly;

şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Adalatçynyň wezipesi döwlet wezipesi bolup durýar.»;

2) 2-nji maddanyň mazmunynda «adamlarynyň» diýen sözden soň «, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we beýleki şahslaryň» diýen sözleri goşmaly;

3) 8-nji maddanyň birinji böleginiň birinji sözleminden soň şu mazmunly sözlemi goşmaly: «Adalatçynyň orunbasarynyň wezipesi döwlet wezipesi bolup durýar.»;

4) 16-njy maddanyň mazmunyny «1.» san bilen belgilemeli we şu mazmunly bölegi goşmaly:

«2. Adalatçy ygtyýarlyk möhletiniň dowamynda diplomatik pasporty bilen üpjün edilýär.»;

5) 18-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«4) adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan wezipeli adam ýa-da ygtyýarly adam babatda düzgün-nyzam ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçiligini ýa-da jenaýat işini gozgamak hakynda teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna, wezipeli adamlara ýa-da beýleki ygtyýarly adamlara ýüz tutýar;»;

6) 19-njy maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Adalatçy Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň, döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň, döwlet gullukçylarynyň, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we olaryň ygtyýarly adamlarynyň çözgütlerine we hereketlerine (hereketsizligine) bolan şikaýatlaryna, eger öň arza beriji bu çözgütlere ýa-da hereketlere (hereketsizlige) kazyýet ýa-da administratiw tertipde şikaýat edip, kabul edilen çözgütler bilen razy bolman beren şikaýatyna seredýär.»;

7) 21-nji maddanyň birinji böleginde «adamlarynyň» diýen sözden soň «, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we olaryň ygtyýarly adamlarynyň» diýen sözleri goşmaly;

8) 23-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Adalatçy şikaýat gelip gowşan gününden başlap bir aýdan gijä galman oňa seredýär. Şikaýata seretmek üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmegi zerur bolan halatynda ol möhlet Adalatçy tarapyndan uzaldylyp bilner. Şunda şikaýata seretmegiň möhleti Adalatçy tarapyndan kyrk bäş güne çenli uzaldylýar.»;

9) 24-nji maddada:

birinji bölekde «adamyň» diýen sözden soň «ýa-da ygtyýarly adamyň» diýen sözleri goşmaly we «şaýatnamalar» diýen sözi «subutnamalar» diýen söze çalşyrmaly;

üçünji bölekde «diwanynyň» diýen sözi «Diwanynyň» diýen söze çalşyrmaly;

10) 27-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Eger-de ýüztutmada görkezilen mesele boýunça goşmaça barlaglary geçirmegiň zerurlygy ýüze çykan halatynda ýüztutmanyň seredilmegi üçin Adalatçy tarapyndan bellenilen möhlet ýüztutma iberilen wezipeli adam tarapyndan bir aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner. Şunda möhletiň uzaldylan gününden başlap üç günüň dowamynda bu barada Adalatça ýazmaça habar berilmelidir.»;

11) 30-njy maddada:

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda Adalatçy hereketleri (hereketsizligi) bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan kärhanalara, edaralara, guramalara, wezipeli adamlara ýa-da beýleki ygtyýarly adamlara adamyň bozulan hukuklaryny we azatlyklaryny gaýragoýulmasyz dikeltmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan babatda bolsa düzgün-nyzam ýa-da administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçiligini ýa-da jenaýat işini gozgamak hakynda maslahat beriş häsiýetdäki teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna, wezipeli adamlara ýa-da beýleki ygtyýarly adamlara ýüz tutýar. Adalatçy adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyna getirip biljek ýagdaýlaryň öňüni almak babatda hem teklibini berip biler.»;

ikinji bölekde «ýa-da wezipeli adamlar» diýen sözleri «, wezipeli adamlar ýa-da beýleki ygtyýarly adamlar» diýen sözlere çalşyrmaly;

12) 41-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«41-nji madda. Adalatçynyň Diwany we sebitleýin edaralary, olaryň işgärleriniň hukuk ýagdaýy

1. Adalatçynyň işiniň hukuk, guramaçylyk, ylmy-seljeriş, maddy-tehniki, maliýe we hojalyk, maglumat beriş we gaýry üpjünçiligini amala aşyrmak üçin Adalatçynyň Diwany döredilýär.

2. Adalatçynyň Diwany ýuridik şahs bolup, karz edaralarynda hasaplaşyk we beýleki hasaplary, şeýle-de möhri, möhürçeleri we beýleki maglumatlary bolan döwlet edarasydyr.

3. Ýerlerde Adalatçynyň sebitleýin edaralary döredilip bilner. Olarda Adalatçy tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan işgär işi alyp barýar.

4. Adalatçynyň Diwanynyň we sebitleýin edaralarynyň işgärleri döwlet gullukçylary bolup durýarlar. Olaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi, şeýle-de döwlet gullugyny geçmegi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.»;

13) 42-nji we 43-nji maddalarda «diwanynyň» we «diwan» diýen sözleri degişlilikde «Diwanynyň» we «Diwan» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.