Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde rowaçlyklara beslenýändiginiň, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna hem-de Oba milli maksatnamasynyň berjaý edilişine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onda bugdaýa agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylda gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, möwsümleýin işlerde daýhanlary zerur serişdeler bilen üpjün etmek, biokärhanalarda işleri ýokary derejede guramak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen bir hatarda, pagta öndürijiler bilen doly hasaplaşyklary geçirmek, daýhan birleşiklerinde oba hojalyk işleri üçin sarp edilen nebit önümlerine tölegleriň geçirilişini gözegçilikde saklamak, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak boýunça tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz ähli ýerlerde Halkara Bitaraplyk gününiň ýokary guramaçylyk derejesini gazanmagy, bazarlary we dükanlary dürli önümler bilen bolelin üpjün etmegi, welaýatlarda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary dabaraly açyp ulanmaga bermäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny, bitewüligini üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän bu sergi iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam edýän möhüm çäreleriň biridir.
Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň dürli ulgamlara täze tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.
6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek babatda görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,2 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,1 göterime, söwdada 9,5 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,7 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň on bir aýynda jemi öndürilen önümiň möçberi 12,1 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,8 göterim ýokarlandy. Daşary söwda dolanyşygynda hem durnukly ösüş depginleri gazanyldy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,6 göterim, çykdajy bölegi hem 97,7 göterim derejede ýerine ýetirildi. Ýanwar — noýabr aýlarynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29,2 göterim artdy.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Medeni-durmuş, senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi. Şu ýylyň 2-nji dekabrynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka Watanymyzyň ählumumy derejede parahatçylygy üpjün etmek, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň giň goldaw tapýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda Karar, Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna mynasyp bolmagy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetini Awstriýanyň Wena şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruk bar.
7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparyny görkezmek bolar. Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitde çykyş edip, Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende üç möhüm kadadan ugur almalydygyny belledi. Olar halkara hukugyň berjaý edilmeginden; özara bähbitleriň hasaba alynmagyndan; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmeginden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyz ýakyn wagtda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň işläp başlajakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň bu täze düzüme öz wezipelerini we maksatlaryny netijeli amala aşyrmagy üçin doly ýardam berjekdigini belledi.
Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda “Bitewi suw” sammitiniň we onda Türkmenistanyň öňe süren anyk başlangyçlarynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.
5-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Onda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini, uzak möhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle-de bu ugurda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň geljegi maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Onda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemi jemlenilip, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz gaznanyň işini kämilleşdirmek hakynda Karara gol çekdi hem-de onuň Tertipnamasyny, müdiriýetiniň düzümini, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnamany tassyklady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ýüz tutan adamlara goldaw bermek maksady bilen, ýene-de bir möhüm resminama gol çekildi.
Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden, Oman Soltanlygynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatlary kabul edildi.
Paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Sergide ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleri, şol sanda senagat we oba hojalyk pudagy üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektron tehnikalary, öý hojalygy üçin harytlar, dokma önümleri görkezildi. Sergi diňe bir dostlukly döwletiň önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga hem ýardam berdi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma Türkmenistanyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi, daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenler we hünärmenler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy”; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly BMG-niň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy; bilim, saglygy goraýyş, “ýaşyl” energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalary bar. «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» tassyklanyldy. Mejlise gatnaşyjylar BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak babatda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri hakynda pikir alyşdylar.
Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Bu çärä Hökümet agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň “Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi” transmilli hödürnama toplumynyň iş toparynyň wekilleri we milli utgaşdyryjylary, ÝUNESKO-nyň, Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiň (IKOMOS), Ýaponiýanyň Teýkýo uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň London uniwersitet kollejiniň wekilleri gatnaşdylar. Mirasyň obýektlerini öwrenmek we dolandyrmak işinde häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak we sebitdäki taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak, degişli “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak bilermenleriň ara alyp maslahatlaşan möhüm ugurlarynyň hatarynda boldy.
Şeýlelikde, geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy dialogy çuňlaşdyrmak, ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek babatda giň gerimli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini tassyklaýan wakalara baý boldy. Dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmek şol başlangyçlaryň möhüm ugurlarynyň biridir.