Ï Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

view-icon 1896

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.