Ï Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap

view-icon 216

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyny syýasy we ykdysady ulgamlarda, halkymyzyň medeni-ruhy durmuşynda gazanylýan ajaýyp üstünliklere besläp tamamlanyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň netijesinde Watanymyz saýlap alan döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

16-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň depginine, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meselelerine garaldy. Oba hojalyk möwsümindäki işleriň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, bugdaýa ideg etmek işleriniň alnyp barlyşyna, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça we beýleki ekinleriň ekiljek ýerlerini taýýarlamaga aýratyn üns berildi. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda dowam edýän gurluşyk işlerinde ýokary hil talaplarynyň berjaý edilmegine degişli birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony hem-de «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz işewürlik maslahatynyň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Nebitgaz pudagy, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Myhman Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, netijeli işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalary bilen gaz pudagynda, himiýa senagatynda iş alyp barmakda oňyn tejribe toplady. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir.

18-19-njy dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýada resmi saparda boldy.

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri, sebit we halkara syýasatda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmäge, gurluşyk, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar, innowasion şäher gurluşygy, medeniýet, bilim, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň parlament, daşary syýasat edaralarynyň özara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi hem-de Söwda-senagat edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagy, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-malaý hökümetara toparyny döretmegi, ýurdumyzyň «Merkezi Aziýa — ASEAN» formatyny döretmek başlangyjyny durmuşa geçirmäge girişmegi teklip etdi. Şunuň bilen birlikde, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, innowasiýalar, programma üpjünçiligi, emeli aň, ykdysadyýet we senagat ugurlaryna «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny öz içine alýan hünärleriň gerimini giňeltmek bilen bagly teklipler öňe sürüldi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň jemleri boýunça döwlet, hökümet, daşary syýasat edaralarynyň derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjek resminamalaryň 14-sine gol çekildi we kabul edildi.

21-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ykdysady, maliýe we bank toplumlarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny we netijeli işlemeginiň ýokary derejesini üpjün etmek, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli ugurlarda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga, milli ykdysadyýete maýa goýumlary, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary çekmäge gönükdirilen sergileri, maslahatlary we işewürlik maslahatlaryny geçirmek bilen baglanyşykly hödürlenen teklipleri makullady.

Golaýlaşyp gelýän Täze ýyl, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümine çykmagy, Watan goragçylarynyň güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmäge degişli tabşyryklar berildi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň 15-nji bilelikdäki mejlisiniň netijeleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny göz öňünde tutýan hem-de Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklaýan Kararlara gol çekdi. Şeýle hem geçen hepdede döwlet Baştutanymyz ýaş estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi.

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdan 40 kilometrden gowrak demirgazykda ýerleşýän Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň guruljak ýerine baryp gördi.

Milli Liderimize 71 gektar ýerde iki bölekden ybarat hereket zolagynyň döredilmegini göz öňünde tutýan taslamalaryň üç toplumy görkezildi. Olarda türgenleşik geçmek, sport awtoulaglaryny ýaryşlara taýýarlamak we halkara derejeli ýaryşlary guramak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Bölekleriň her biriniň özboluşly nyşany bolar. Olaryň birini ahalteke bedewiniň, beýlekisini bolsa türkmen alabaýynyň şekilleri bezär.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz täze sport ulagynyň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirip, sähra ýollary boýunça çylşyrymly menzilleri geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesiniň işjeň ulanylmagy bilen, ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Toplumyň bina ediljek ýerinden aýrylýan arassa ak çägeleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan çagalar baglarynyň, sebitlerdäki çagalar meýdançalarynyň zerurlyklary üçin peýdalanmak teklip edildi. Gahryman Arkadagymyz merkeziň binýadynda degişli türgenleri taýýarlamak, ýurdumyzda awto we motosportuň dürli görnüşlerini ösdürmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzda hereket edýän meýdança ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem golf meýdançasyny gurmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagy babatda maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiz Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy üçin sazagyň we beýleki çöl ösümlikleriniň 8 milliondan gowrak düýbüniň ekilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada hem aýtdy.

Geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyny görkezmek bolar. Oňa gatnaşyjylar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda köptaraply hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşyp, senagat ulgamynda, oba hojalygynda, suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işlerini ilerletmegi hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmegiň hem uly geljegi bar.

Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň wekilleriniň amerikan işewürleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki meýilleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, maliýe-maýa goýum gatnaşyklary, bilelikdäki taslamalar, önümçilik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollary maslahatlaşyldy. Geljegi nazara almak bilen, senagat pudaklary, hususan-da, gaz we nebithimiýa, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bilim, ylym, medeniýet we sungat, sport, syýahatçylyk babatda-da döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Mejlisiň jemleri boýunça türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi we onuň çäklerinde geçirilen işewürlik maslahaty türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Gözden geçirilişe Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar söwdada, oba hojalygy we azyk senagaty ulgamlarynda pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Kiçi we orta telekeçileriň derejesinde işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan forumda ylym-bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, ylmy işler barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde toplanan tejribeler, sebit we ählumumy derejede ylmy-tehniki wezipeleri çözmek meselelerine garaldy.

Maslahatyň dowamynda Arkadag şäherine Koreýa Respublikasynyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň zatlaryň interneti esasynda infrastrukturany ösdürendigi, intellektual ulag ulgamlary, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çözgütleri, daşky gurşawy gözegçilikde saklaýandygy üçin üstünlik şahadatnamalaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon dilinde çap edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu ajaýyp eser «Günüň dogýan ýurdunyň» okyjylaryna ýaş nesil hakyndaky hemmetaraplaýyn aladalara aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de türkmen halkynyň ýaş nesli terbiýelemek babatdaky asylly däpleri bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik berer.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biri boldy. Täze zehinleri ýüze çykarmaga, olaryň hünär taýdan kämilleşmeklerine, häzirki zaman milli aýdym-saz sungatynyň ösmegine ýardam edýän döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 17 — 35 ýaş aralygyndaky ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Bäsleşigiň ýeňijisi we baş baýragyň eýesi Gylyçdurdy Durdyýew boldy.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetde gazanylan ajaýyp üstünlikler esasynda Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha belende galýandygyny nobatdaky gezek açyp görkezdi.