Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, deputatlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, 2025-nji ýylyň rysgal-berekedi bilen abadan ýurdumyza uly üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, döwlet Baştutanymyzyň, Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdi.
Soňra D.Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň taryhy, gazanýan ösüşleri, halkara gatnaşyklardaky üstünlikleri bilen bagly möhüm wakalar mynasybetli her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde halkara giňişlikde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar we täze many-mazmuna eýe bolýar. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.
2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini nygtap, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini nygtap, bu kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.
Ol hormatly Prezidentimiziň şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tamamlanyp barýan 2024-nji ýyldaky örän wajyp mejlisini geçirýändigini we onuň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýe bolan meselä seredendigini hem-de 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşiginde öňe süren möhüm halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde kanunalaýyk durmuşa geçirilmeginiň dünýä derejesindäki ykrarnamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip biragyzdan yglan etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly baradaky başlangyjynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, milletiň atasy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen döwletara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň logiki dowamy we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bu syýasy-filosofik garaýşy «Dialog — parahatçylygyň kepili» hökmünde kabul edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, syýasy taýdan örän ähmiýetli aýratynlyga eýedir.
Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda örän möhüm ýyllaryň biri bolar. Geljek ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli derejedäki maslahatlar, mejlisler, dabaralar, bäsleşikler, sergiler hem-de beýleki çäreler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň halkymyz, jemgyýetimiz we döwletimiz tarapyndan halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde guraljak ähli çäreleriň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky aýdanlarynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Wise-premýer, daşary işler ministri 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda döwletimizde we daşary ýurtlarda meýilleşdirilýän dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazmak bilen, Ministrler Kabinetiniň şu günki taryhy mejlisinde tutuş türkmen halkyna we daşary ýurtlaryň halklaryna Täze ýylyň bosagasynda örän uly sowgat etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik nusgawy şahyryň döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyny alamatlandyrýan, parahatçylygyň, ösüşiň binýady bolup hyzmat edýän, halklary we döwletleri birleşdirýän filosofiýasy bütin dünýä ýaň saldy. 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda guralan halkara forum, şeýle hem ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara çäreleriň ýüzlerçesi munuň aýdyň mysalydyr. Wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, 2024-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda ebedi galjakdygyny belledi. “Geçip barýan ýylda biz Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerini, şeýle hem dürli döwlet maslahatlaryny geçirdik. Bu mejlislerde, maslahatlarda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm soraglara seretdik” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleriniň öz wagtynda maliýeleşdirilendigini, döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlaryň kabul edilendigini nygtady. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimiziň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklary dowam edýär. Bitarap Watanymyz abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Guramanyň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanyldy we kabul edildi» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, dükanlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi, raýatlarymyzyň gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçmekleri üçin ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hemmeleri täze — 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar döwletimizi ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.